BIZNES

OPEK guramasy Türkmenistandaky nebitgaz maslahatyna gatnaşar

Häzirki wagtda oktýabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan XXVIII “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” atly halkara sergisine we maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada bu halkara forumyň guraýjylaryndan “Türkmen forum” hojalyk jemgyýeti habar berýär.

Berlen maglumata görä, nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga isleg bildirdi. OPEK guramasynyň nebit barlaglary bölüminiň ýolbaşçysy Behruz Baýkalizadeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gatnaşar.

Şeýle hem bu foruma “Dragon Oil”, “Schlumberger”, “Eni”, “CNPC ” we “Petronas”we beýleki iri kompaniýalar hem gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Maslahat bilen bir hatarda geçiriljek sergä ýerli firmalaryň hem gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu firmalar nebitgaz pudagynda hyzmat bermek ugrunda iş alyp barýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder