JEMGYÝET

Ömrümizde bir gezek bolup geçer

21-nji dekabrda astronomlar we ýyldyzly asmany söýýänler seýrek bir waka tomaşa edip bilerler. Şol günde astronomlar Saturn bilen Ýupiter planetalaryň beýik birleşmesini görerler. Owadan pursatlar bu gezek ýylyň gyş paslyna gabat geldi.

Bu täsin waka soňky gezek 794 ýyl mundan ozal, ýagny 1226-njy ýylyň 4-nji martynda Ýerden synlanypdyr. Astrologlaryň bellemegine görä, bu gezekdäki geçjek birleşme 21-dekabrda sagat 21:21-de bolup geçer.

Diametri 143,000 kilometre barabar bolan Gün ulgamynyň iň uly we Wenera planetasyndan soňra ýagtylygy babatda ikinji orunda durýan Ýupiter planetasy, 20 ýyldan bir gezek Saturт planetasy bilen ýakynlaşýar. Astronomlar ýönekeý teleskopyň kömegi bilen diňe ýakynlaşýan planetalary däl, eýsem käbir emeli hemralaryny hem görüp boljakdygyny aýdyp geçiler. Howanyň rugsat bermegi bilen, Gün ýaşandan soňra bu birleşme gowy görüner. 21-nji dekabrda howa şertleri esasynda görüp bolmadyk ýagdaýynda, soň hem görmek mümkinçiligi döräp biler. Sebäbi bu iki planeta, ýene birnäçe gün ýakyn aralykda bolarlar.

Hünärmenler iki planetanyň birleşmesini 21-nji dekabrda bolşy ýaly “ýyldyz ýyldyzy” diýip atlandyrýarlar. Duşenbe güni orta giňişliklerinde ýerleşýän ýurtlarda gündiz sagatlary gysga bolar, bary-ýogy ýedi sagatdan ybarat bolar. Şonuň üçin 22-nji dekabrda daň atandan soň gijäniň uzynlygy ýylyň iň uzynlygy bolar diýip çaklaýarlar.

Indiki gezek geçjek bu birleşme 2080-nji ýylyň 15-nji marty bolmagyna garaşylýar.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi