SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron” bilen pandemiýa tamamlanar

Dünýäniň hemme ýerinde çalt depginde ýaýran koronawirusyň “omikron” görnüşi barada Daniýadan haýran galdyryjy maglumat berildi. “Omikronyň” pandemiýanyň soňuny getirendigi we adamlaryň 2 aýyň içinde adaty durmuşyna gaýdyp geljekdigi bellendi.

Koronawirusyň “omikron” görnüşiniň “delta” görnüşi ýaly täsirli däldigi, hatda “omikronyň” döreden immunitetiniň “Deltany” aradan aýyrmaga mümkinçilik döredendigi bellenildi.

Daniýa Döwlet syworotka institutynyň baş epidemiology Taýra Growe Krause geçirilen täze gözlegiň netijesinde, “omikron” bilen hassahana ýerleşdirilmek howpunyň “delta” wariantyndan azdygyny mälim etdi.

“Daily Mail” neşirindäki habara görä, bu ýagdaýda pandemiýanyň takmynan 2 aýyň içinde tamamlanyp biljekdigi aýdyldy. Daniýaly alym “Öňümizdäki 2 aýyň içinde ýokançlygyň azalmagy başlar we adaty durmuşymyza gaýdyp geleris diýip umyt edýärin” – diýip belledi.

Milli Liderimiz “Malaý” gaz känine baryp gördi

 

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy