TESWIRLER

Okuw Ulgamyndaky Häzırkı Sapaklar

Salam gadyrly okyjylar!

Salam hormatly mugallymlar we talyplar!

2020-2021-nji okuw ýylyňyz gutly bolsun!

Täze okuw ýylynda bilim ulgamyndaky işgärlere, mugallymlara, talyplara saglyk we üstünlik arzuw edýärin.

Takmynan ýarym asyra ýakyn wagtdan bäri okuwyň, bilim ulgamynyň içinde bolmak bilen birlikde, ýeňil bolmadyk mugallymçylyk hünärini häzir hem dowam etdirýärin. Mugallym bolmak aňsat däl, ylaýta-da häzirki wagtda mugallymdan edilýän talap has-da güýçlenýär.

Bir tarapdan-da bütin dünýäni gurşap alan we ynsan saglygy üçin örän howply kesel (COVID-19) ýüze çykdy. Bu kesel gaty ýokanç kesel bolup, adamlaryň özara gatnaşyklarynda tiz ýokaşýandygy anyklanyldy. Şol sebäpli, okuw we bilim ulgamyndaky işgärleriň, bilim alýan talyplaryň saglygyny gorap saklamak meselesine üns has-da güýçlendirildi. Bu ýagdaý bütin dünýäde bilim ulgamynda käbir özgerişlere-de ýol açdy. Okuwlaryň, sapaklaryň wagty, görnüşi üýtgedildi.

Sapaklaryň görnüşlerini gözden geçireliň. Muny her kime anyk düşündirmek üçin bilim ulgamyndaky sapaklary iki sany görnüşe aýyrdyk. Olaryň birinjisi bilim ulgamynda ulanylan adaty dersler, ikinjisi soňky döwürde ýüze çykan we şol adaty dersleriň ornuna geçilýän dersler.

Biz bu sapaklary şertli ýagdaýda özümizçe şeýle atlandyrdyk:

1.Özara ýüzbe-ýüzleýin sapak

2.Uzagara ýaýlymlaýyn sapak

Şertli ýagdaýda ulanan bu “adalgalarymyzyň” her biri hakynda gysgajyk düşündiriş bermekligi ýerlikli hasapladyk.

Bu ýerde “adalgalarymyzy” goşa dyrnagyň içine almagymyz ýöne ýerden däldir. Sebäbi bulary şertli ýagdaýda ilkinji gezek biz ulandyk.

1.Özara ýüzbe-ýüzleýin sapak. Muňa adaty sapaklar degişlidir. Özara ýüzbe-ýüzleýin sapagynyň kömegi bilen okuwa gatnaşyjylaryň esasy shemasyny şeýle görnüşde görkezip bileris: mugallym → talyp; talyp → mugallym.

2.Uzagara ýaýlymlaýyn sapak. Muňa soňky özgerdilen sapaklar degişlidir. Uzagara ýaýymlaýyn sapagynyň kömegi bilen okuwa gatnaşyjylaryň esasy shemasyny şeýle görnüşde görkezip bileris: mugallym → ýaýlym → talyp; talyp → ýaýlym → mugallym.

Biziň esasy gürrüňimiz uzagara ýaýlymlaýyn sapak hakynda boljakdygyna görä, adaty sapakdan üýtgeşikligini göreliň.

Adaty sapakdaky ikili gatnaşygyň (mugallym we okuwçy) sany üýtgejekdir, has dogrusy, üçli gatnaşyk boljakdyr.

Başgaça aýdanymyzda mugallym bilen okuwçynyň arasyna üçünji bir serişde girjekdir. Ynha, şu üçinji serişde mugallym bilen okuwçynyň arasyna girip, olary wagtlaýynça biri-birinden uzaklaşdyrjakdyr. Netijede, üçli gatnaşyk boljakdyr. Muny öň hem belläp geçipdik: mugallym → ýaýlym → talyp; talyp → ýaýlym → mugallym.  Bu gatnaşykdaky “ýaýlym” ýerine häzirki wagtda halkara derejesinde ulanylýan “onlaýn” adalgasyny hem ulanýarlar: mugallym → onlaýn → talyp; talyp → onlaýn → mugallym. Ýöne biz şertli ýagdaýda “ýaýlymlaýyn” adalgasyny amatly hasaplaýarys.

Gysgaça aýdanymyzda, öňki “özara ýüzbe-ýüzleýin gatnaşyk” häzirki “uzagara ýaýlymlaýyn gatnaşyga” öwrülýär.

Bu öwrülişik okuw ulgamynda kompýuter, telefon, telewizor ýaly tehniki serişdeleriň üsti bilen özara baglanyşygy üpjün edýär. Diýmek, bilim ulgamyndaky sapaklaryň baglanyşygy, gatnaşygy öňki özaralygyny üýtgedýär, täze baglanyşyk bolan uzak aralyga öwrülýär. Şonuň üçin “uzagara ýaýlymlaýyn sapak” diýen adalgany şertli ýagdaýda ulandyk.

Ankara uniwersitetinde uzagara ýaýlymlaýyn sapaga biz hem taýýarlyk görýäris. Şeýlelikde, beýleki derslere degişli uzagara ýaýlymlaýyn sapaklaryň berlişi ýaly, biz hem türkmen diline degişli uzagara ýaýlymlaýyn sapaklary bermekligi amatly hasapladyk. Şol bir wagtyň özünde-de bu sapaklar diňe Ankara uniwersitetinde türkmen dili dersini alýan talyplara degişli bolman, eýsem bütin dünýäde türkmen dilini öwrenjeklere hem peýdaly bolup biler diýip umyt edýäris.

Öňki “özara ýüzbe-ýüzleýin” sapaklarda bolşy ýaly, “Uzagara ýaýlymlaýyn sapaklarda”-da mugallymlaryň, okuwçylaryň (talyplaryň) öz üstüne düşýän wezipeleri, borçlary, jogapkärçilikleri bolmalydyr.

Mugallymlaryň we talyplaryň borçlary hakynda.

Öňi bilen mugallym öz talyplaryna “özara ýüzbe-ýüzleýin” we “uzagara ýaýlymlaýyn” okama usulynyň biri-birinden tapawutlanýandygyny doly we dogry görnüşinde düşündirmelidir. Şonuň netijesinde “uzagara ýaýlymlaýyn sapagyň” aýratynlygyny, adaty sapakdan tapawudyny anyk mysallaryň üsti bilen aýdyp bermelidir.

Ilki bilen bellenilmeli zat şudur, ara uzak-da bolsa, her tarapyň öz üns merkezine jemleýän maksady bolmalydyr. Şol maksada laýyklykda, mugallymlaryň üns merkezinde bilim bermek, öwretmek; talyplaryň üns merkezinde-de bilim almak, öwrenmek bolmalydyr.

Uzagara ýaýlym sapagy adaty sapaklardan tapawutlylykda wagt taýdan çäklendirilip bilner. Şeýle bolanda mugallymyň jogapkärçiligi has-da artýar. Ylaýta-da ol täze temany düşündirende, umumy gürrüňden, köpsözlülikden, gaýtalanmalardan gaça durmalydyr. Temanyň özenini az sözüň üsti bilen we ýatda galyjylygy we täsir edijiligi bolar ýaly görnüşinde düşündirmelidir.

Uzagara ýaýlym sapagynda mugallym üçin talybyň ünsüni özüne çekmek aňsat iş däldir. Şonuň üçin mugallym talyplaryň ünsüni çekip biler ýaly usullardan ýerlikli peýdalanmalydyr.

“Uzagara ýaýlymlaýyn sapagynda” seljerişli okatmakda ulanmak üçin türkmen dili mugallymlaryna “özen”, “mazmun” usulyny maslahat berýäris.

Özen näme? Mazmun näme? Bilnişi ýaly, sapakda öwredilýän her bir temanyň, her bir mowzugyň özeni we mazmuny bardyr.

ÖZEN – “bir zadyň düýp manysydyr, esasy bölegidir, merkezidir”.

MAZMUN – “bir zadyň-ýazgynyň, eseriň w.ş.m. esasy manysyny düzýän gysgaça beýanydyr”.

Bularyň ikisinin-de bir maksady bardyr: täze eseri, täze temany, täze mowzugy biri-birine baglanyşygy bolan üç ölçegde öwretmekden ybaratdyr.

1.Düýpleýin ölçegde öwretmek,

Eseri, temany, mowzugy düýbi, köki, gurluşy, manysy nukdaýnazaryndan öwretmek göz öňünde tutulýar.

2.Asyllaýyn ölçegde öwretmek,

Eseri, temany, mowzugy asly, gelip çykyşy, döreýşi nukdaýnazaryndan öwretmek göz öňünde tutulýar.

3.Esaslaýyn ölçegde öwretmek,

Eseri, temany, mowzugy esasy, soragy, delili, sebäbi, tutarygy nukdaýnazaryndan öwretmek göz öňünde tutulýar.

Mugallym şu ölçegleriň her birini aýratynlykda ýa-da üç ölçegi birleşdirip, öz talyplaryna az sözüň üsti bilen köp zady öwretmäge çemeleşmelidir.

Mugallymyň eseri, temany, mowzugy düýpleýin, asyllaýyn, esaslaýyn ölçegde öwredip bilmegi üçin öňi bilen özüni özüniň barlag etmegi şertdir.  Başarnyk öz synanyşygyňa baglydyr.

Bu barlagyň diňe bir sözleýjisi bardyr, ol hem mugallymyň özüdir. Başgaça aýdanymyzda, ilki bilen mugallym öz-özüni “uzagara ýaýlymlaýyn sapagyna” taýýarlamalydyr. Meýilnamasyny düzmelidir, gerekli maglumatlary tapmalydyr, anyk we takyk düşünjeleri ulanmalydyr. Düşündiriş gysga bolmalydyr. Köpsözlülikden, ýerliksiz gaýtalanmalardan uzak durmalydyr. Sapakda üns çekijiligi güýçlendirmek üçin dürli çäreleri gözlemelidir.

Gysgaça aýdylanda, mugallymyň taýýarlygy hil taýdan “ýaýlymlaýynsyz özara ýüzbe-ýüzleýin sapakdan”-da has ýokary derejede bolmalydyr.

Uzagara ýaýlymlaýyn sapak okuw ulgamynda “mugallym → ýaýlym → talyp”; “talyp → ýaýlym → mugallym” nusgada üçli baglanyşyk bardyr. Bu ýerde “ýaýlym”- araçy serişdedir. Mugallym bilen talybyň ýa-da talyp bilen mugallymyň aragatnaşygyny üpjün eder.

“Uzagara ýaýlymlaýyn sapaga” talybyň hem ýörite taýýarlanmagy şertdir. Sebäbi, hemişe “özara ýüzbe-ýüzleýin sapaga” öwrenişen talyp  häzirki wagtda “uzagara ýaýlymlaýyn sapaga” doly taýýar däldir. Şonuň üçin bu taýýarlyk işine ene-atalar-da, mugallymlar-da jogapkärdirler.

“Uzagara ýaýlymlaýyn sapakda” gulaklar mugallymy gaty ünsli diňlemelidirler.

“Uzagara ýaýlymlaýyn sapakda” gözler görkezilýän zatlary gaty seresaply seljermelidirler.

“Uzagara ýaýlymlaýyn sapakda” bellenilmeli zatlary eller gaty çalasynlyk bilen bellik etmelidirler.

“Uzagara ýaýlymlaýyn sapakda” düşünjeler başaryp bildigiňçe beýnä ýazylmalydyr.

(dowamy bar)

 

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady