BILIM

Okuw kitaplaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyndan, «Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, 2022-2023-nji we 2023-2024-nji okuw ýyllarynda on iki ýyllyk umumybilim berýän orta mekdepleriň I, XI synplaryny okuw kitaplary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Mugallymlar gazeti” neşirinde degişli bildiriş çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak maksady bilen okuw kitaplarynyň golýazmalary taýýarlanylanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky Permandyr Kararlaryndan gelip çykýan wezipeler, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamalary we okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary, bilim bermek işi boýunça milli we dünýä tejribesi göz öňünde tutulmalydyr.

Bäsleşige hödürlenilýän okuw kitaplarynyň golýazmalary 2 (iki) nusgada, awtoryň (awtorlaryň) ady, atasynyň ady görkezilmezden, daşky sahabynda okuw kitabynyň ady görkezilip, «Bäsleşige» diýen ýazgy we şygar bilen 2021-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrligine (744036, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104) iberilmelidir.

Golýazma 21×30 ölçegli kagyzyň bir ýüzüne kompýuterde («Microsoft Word» redaktorynda, ýazgylary 14-lik ölçegde) ýazylan bolmaly. Golýazmanyň sahypalarynyň aşagyndan we ýokarysyndan 2,54 sm, çep we sag taraplaryndan 3,17 sm boş ýer goýulmalydyr («Microsoft Word» redaktorynyň standart sahypasy).

Çyzgylary, suratlary golýazmanyň özünde ýerleşdirip ýa-da onuň ýanyna goýup bermek bolar. Şeýle ölçegde ýazylan golýazmalaryň möçberi okuw maksatnamasyna laýyklykda her synpa berlen sagat sanyna görä kesgitlenilmeli. Eger-de okuw meýilnamasynda sagat sany köp berlip, okuw kitabynyň göwrümi uly bolan ýagdaýynda, ony iki kitap görnüşinde (okuw ýylynyň I ýarymy we II ýarymy üçin) taýýarlamak hem bolar.

Okuw kitabynyň awtory (aw torlar topary) bäsleşige gatnaşjakdygyny duýdurmak maksady bilen, öňünden, ýagny şu bildiriş gazetde çap edilenden soň 15 günüň dowamynda Bilim ministrligine ýapyk (ýelimlenen) bukjany ibermelidir. Bu bukja okuw kitabynyň ýazylýandygynyň güwänamasy hökmünde kabul ediler. Onuň daşynda okuw kitabynyň ady, synpy we şygary ýazylyp, awtor barada maglumat berilmeýär, içine ýazylan hatda awtoryň (awtorlar topary bolsa, onda olaryň her bir iniň) ady, atasynyň ady, hünäri, işleýän ýeri, wezipesi, iş we öý telefonlary görkezilmelidir.

Bäsleşige berlen möhlet tamamlanandan soň, gelip gowşan golýazmalaryň gowusyny saýlap almak maksady bilen, iş topary döredilýär we golýazmalar iş toparynyň seretmegine hödürlenilýär.

Iş topary talapyndan bäsleşige gelip gowşan golýazmalaryň arasyndan her ders boýunça iň oňat diýlip hasaplanylan golýazma saýlanylyp alynýar we okuw kitaby hökmünde neşire hödürlenilýär.

Iş topary tarapyndan okuw kitaby hökmünde makullanylmadyk golýazma bäsleşigiň netijeleri aýan edilenden soňra 1 aýyň dowamynda awtoryň (awtorlaryň) ýüz tutmagy bilen, yzyna gaýtarylyp berilýär.

Türkmen dilinde hem-de rus dilinde okadylýan synplar üçin okuw kitaplary:

  1. Ýaşaýyş durmuş esaslary. I synp
  2. Основы жизнедеятельности, I synp
  3. Iňlis dili (I daşary ýurt dili), XI synp
  4. Iňlis dili (II daşary ýurt dili), XI synp
  5. Nemes dili (I daşary ýurt dili), XI synp
  6. Nemes dili (II daşary ýurt dili), XI synp
  7. Fransuz dili (I daşary ýurt dili), XI synp
  8. Fransuz dili (II daşary ýurt dili), XI synp
  9. Ýapon dili (II daşary ýurt dili), XI synp
  10. Hytaý dili (II daşary ýurt dil i), XI synp

Türkmen dilinde okadylýan XI synp üçin okuw kitaplary:

  1. Türkmen dili
  2. Edebiýat
  3. Edebiýatdan hrestomatiýa (Okuw gollanmasy)
  4. Pyсский язык
  5. 5. Algebra we analiziň başlangyçlary
  6. Geometriýa
  7. Fizika
  8. Astronomiýa
  9. Modelirleme we grafika
  10. Informatika

11.Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar

  1. Umumy biologiýa
  2. Ekologiýa
  3. Himiýa
  4. Türkmenistanyň taryhy
  5. Dünýä taryhy
  6. Jemgyýeti öwreniş
  7. Ykdysadyýetiň esaslary
  8. Türkmenistanyň medeni mirasy

Rus dilinde okadylýan XI synp üçin okuw kitaplary:

  1. Pyсский язык
  2. Литература
  3. Хрестоматия по литературе (Учебное пособие)
  4. Türkmen dili
  5. Türkmen edebiýat
  6. Алгебра и начала анализа
  7. Геометрия
  8. Физика
  9. Астрономия
  10. Моделирование и графика
  11. Информатика
  12. Информационно-коммуникационные и инновационные технологии
  13. Общая биология
  14. Экология
  15. Химия
  16. История Туркменистана
  17. Всемирная история
  18. Обществоведение
  19. Основы экономики
  20. Культурное наследие Туркменистана.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-85-32; 44-85-37.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

 

23-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar