Obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak, ony täzeçil usullarda we dünýäniň öňdebaryjy tejribesi esasynda tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir.
Oba hojalygynyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagynda tehnikalaryň ähmiýeti uludyr. Obasenagat toplumynda “John Deere” kompaniýasynyň häzirki zaman tehnikalary netijeli ulanylýar. Ýylyň-ýylyna bu kompaniýanyň häzirki zaman tehnikalary satyn alynýar. Ýene-de “John Deere” kompaniýasyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şeýle-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.
“John Deere” kompaniýasynyň tehnikalary Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezdi. Bu kompaniýanyň hünärmenleri oba hojalyk enjamlarynyň kysymlaryny yzygiderli kämilleşdirýärler, olaryň işleýiş häsiýetnamalaryny gowulandyrýarlar, türkmen ekerançylarynyň zerurlyklaryna we talaplaryna laýyk getirýärler. Pudagyň tehniki toplumynyň telematik sanly ulgama geçirilmegi oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de tutuşlygyna onuň önümçiliginiň düşewüntliligini artdyrmaga ýardam berýär.
Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna maksada gönükdirilen goldaw berilýär. Bu kömek-goldaw obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzüminiň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylyşynda hem-de döwrebaplaşdyrylyşynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde we meliorasiýa meseleleriniň oňyn çözgüdinde aýdyň beýanyny tapýar. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.
Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda “СLAAS”, “John Deere” ýaly meşhur kompaniýalaryň tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Gurnaýjylaryň we inžener-işläp taýýarlaýjylaryň zähmeti bilen, olar ýyl-ýyldan barha kämilleşdirilip, öndürijilikli we dolandyryşda amatly häsiýetlere eýe bolýar. Bu tehnikalar oba hojalygynyň ösümlikçilik, maldarçylyk pudaklarynda işleýänler üçin döwrebap amatlyklary bilen tapawutlanýar. Takyk hem-de tygşytly işleýän tehnikalaryň iş öndürijiligi, kuwwatlylygy ýokary bolup, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýär.
Bütin dünýäde meşhur bolan «John Deere» amerikan tehnikasy 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar. Hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyza bu kysymly dürli oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň müňlerçesi getirildi.
Rahman Rahymow, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
