SIZDEN GELENLER

Oba hojalygyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Milli ykdysadyýetimizi innowasion ýol bilen ösdürmek şu günüň we geljegiň zerur talabydyr. Sebäbi, dünýäniň diňe tehnologiki taýdan ösen ýurtlarynyň harytlary halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oba hojalygyny bazar şertlerine laýyklykda ösdürmek babatyndaky agrar syýasatynyň özeninde, bu pudagyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini halkyň abadan we bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanmak we ösen ýurtlar bilen bäsleşip biljek agrar önümçiligi döretmekden ybarat bolup durýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny innowasion ösüş ýoly bilen ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy.
Kabul edilen milli Maksatnamalara laýyklykda ýurtda häzirki zaman oba hojalyk ilatly nokatlary ýa-da täze görnüşli agrar şäherçeler döredilýär. Bu şäherçeler zerur bolan ähli durmuş-inženerçilik, ýaşaýyş jaý, kommunikasiýa, söwda, hyzmat ediş, medeni, bilim, saglygy goraýyş we ş.m. infrastrukturalara eýedir. Bu infrastruktura tassyklanan durmuş kadalaryna laýyk gelip, olary ösen ýurtlaryň görkezijileri bilen deňeşdirmek bolar.
Oba hojalygynda emeli intellekt we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ulanylmagy, dürli ýetmezçilikleriň hötdesinden gelmäge we daýhanlaryñ has möhüm meselelere hem-de ýeriñ dolandyrylyşyna üns bermeklerine mümkinçilik berýär. Innowasion tehnologiýalar oba hojalygy we maldarçylyk pudaklary zerur maglumatlaryñ ýygnalmagyna we şol maglumatlar esasynda önümçilik zynjyrynda ýüze çykyp biljek meseleleriñ özwagtynda çözülmegine ýardam berýär.
Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak bolsa netijesiz usullary aradan aýyrmaga, galyndylary azaltmaga we önümçiligi ýokarlandyrmaga dürli mümkinçilikler döredýär we ylmyň soňky gazananlaryny önüçilige ornaşdyrmakda häzirki wagtda ýokäry depginde alnyp barylýar.
Innowasion tehnologiýalar çylşyrymly ulgam bolmagy bilen daýhançylykda oba hojalygynyñ her bir bölegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Emeli intellektden peýdalanýan innowasion oba hojalyk tehnologiýalary, agrotehniki talaplary kadaly amala aşyrmakda we şol bir wagtyñ özünde ýer-suw bilen baglanyşykly ýüze çýkýan päsgelçilikleri aradan aýyrmakda möhüm orna eýedir. Ýeriñ çyglylygy ýaly şertlere gözegçilik etmek bilen, daýhanlar suwuň sarp edilişini epesli azaldyp bilýärler. Ýagny, toprakdaky ýokumly maddalara gözegçilik etmek bilen, dökünleriň täze görnüşlerini maglumat ylymlary bilen utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar.
Oba hojalygynda öndürijiligi ýokarlandyrmagyň usullarynyň biri oba hojalyk kärhanalarynyň göwrümi bilen baglanyşyklydyr.
Birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda oba hojalygyny we maldarçylygy döwrebaplaşdyrmak hem-de olarda täze tehnologiýalaryň ulanylmagy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Esasanam, ýyladyşhanalara goýulýan maýa goýumlary muňa şaýatlyk edýär.

Aÿna Atajumaÿewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyñ Ösümlikçilik kafedrasynyñ mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri