DÜNÝÄ

Nobel hepdeligi: fizika ugry boýunça ýeňijiler

Ylym-bilim ulgamynyň iň abraýly baýraklarynyň biri hasaplanýan Nobel baýragynyň ýeňijileri mälim edilip başlandy. Güýz paslynyň ikinji aýy Nobel hepdeligi ady bilen hem bellidir.

5-nji oktýabrda lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim boldy. Şondan soňra fizika ugry boýunça Nobel baýragyny gazananlar belli boldy. 2020-nji ýylda bu baýraga 3 sany alym mynasyp boldy. Olar Rojer Penrouz, Reýnhard Gensel hem-de Andrea Gez. Bu alymlaryň gara deşik baradaky ylmy barlaglary ýokary sylaga mynasyp boldy.

Fizika ugry boýunça Nobel baýragynyň pul möçberi 10 million şwed kronyna deňdir. Onuň ýarysyny angliýaly Penrouz alar, galan ýarysy bolsa, german Gensel bilen amerikaly Gez arasynda paýlaşylar.

Angliýaly fizik-matematik we ylymlaryň filosofy Rojer Pemrozu (Oksford uniwersitetiniň Matematika kafedrasynyň müdiri) gara deşikleriň emele gelmeginiň umumy otnositelligiň netijesidigini ýüze çykardy. Nobel baýragynyň komiteti alym Penrouzyň “Einşteýniň umumy otnositellik teoriýasyny derňemek üçin ussat matematiki usuly oýlap tapandygyny” belleýär.

German alymy-astrofizik Reýnhard Genzel (Maks Plank jemgyýetiniň ýerüsti fizika instituty) hem-de amerikaly astronom Andrea Gez (Kaliforniýa uniwersitetiniň fizika we astronomiýa kafedrasynyň profesory) göze görünmeýän we aşa agyr bir zadyň galaktikanyň merkezindäki ýyldyzlaryň orbitalaryna gözegçilik edýändigini ýüze çykardy. Munuň hem gara deşik bilen baglanyşyklyydygy mälim edildi.

5-nji oktýabrda lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragyna gepatit С wirusy babatdaky barlaglary üçin Maýkl Houton, Harwi Alter we Çarlz Raýs eýe boldular.

Şeýle hem 7-nji oktýabrda himiýa, 8-nji oktýabrda edebiýat ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli bolar. 9-njy oktýabrda bolsa parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hem-de 12-nji oktýabrda ykdysadyýet boýunça bu baýragyň eýeleri belli bolar.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli Stokgolm şäherinde dekabr aýynda geçirilýän Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy ýatyryldy. Şeýle ýagdaýa 1944-nji ýyldan bäri ilkinji gezek duş gelinýär.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri