SPORT

Neýmar Messiniň ýanyna gitmekçi

Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparynyň brazil hüjümçisi Neýmaryň mundna soňra futbol karýerasyny Amerikada dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Ol özüniň ozalky topar ýoldaşlary bolan Messi, Suares, Buskets we Albanyň çykyş edýän “Inter Maýami” toparynda oýnamagy göz öňünde tutýar.

Neýmaryň saud topary bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar. Neýmaryň gitjek toparynyň tälimçisi Hawýer Maskerano hem onuň topar ýoldaşydyr.

Neýmar saud toparyna 2023-nji ýylyň awgustynda geçipdi. Gelen badyna birnäçe duşuşykdan soňra sikeş alyp 1 ýyl dagy ýaşyl meýdançadan uzak boldy.

32 ýaşyndaky Neýmar 2017-nji ýylda Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna 222 million ýewro geçipdi. Şeýlelikde, Neýmar häzirki wagtda dünýä futbolynyň iň gymmat satyn alnan futbolçysy hasaplanýar.
Onuň futbol durmuşyndaky ilkinji topary Braziliýanyň “Santos” toparydyr. Ol Braziliýanyň ýygyndysynda 128 duşuşykda oýnap, 79 gol geçirdi we iň köp gol geçiren brazildir.

Related posts

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 11 ýyldan soňky kubogy

ABŞ-nyň basketbol ýygyndysy 5-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Pýaniç indi haýsy toparda oýnar

Ata Watan Eserleri