JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Ispaniýa ilkinji ýarym finalçy

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda çärýek finalyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda Ispaniýanyň hem-de Şweýsariýanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşygyň esasy hem-de goşmaça 30 minuty 1:1 deňme-deň tamamlandy.

Duşuşygyň ykbalyny 11 metrlik jerime urgulary çözdi. Ispanlar 11 metrlik jerime urgularyna şowsuz başlasa hem 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Ilkinji 11 metrlik urgusynda ispanlaryň kapitany Sergio Buskets ýalňyşlyga ýol berip, gol geçirip bilmedi. Hemmeler Şweýsariýanyň ýene-de Fransiýa ýaly Ispaniýany hem ýeňip biljekdigine az-da kän-de ynam bildiren bolmagy mümkin.

Ýöne şweýsar futbolçylary hem 11 metrlik jerime urgularyny dürs ýerine ýetirip bilmediler. Şeýlelikde, 3 sany 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanan ispanlar Ýewropa çempionatynyň ilkinji ýarym finalçysy boldy.

Duşuşyk barada aýdylanda bolsa, Ispaniýa duşuşygyň 8-nji miutynda hasaby açmagy başardy. Jordi Albanyň depen pökgüsi Şweýsariýanyň futbolçysy Denis Zakarýanyň aýagyna degip, derwezä girdi.

Şweýsariýa duşuşygyň ikinji ýarymynda 68-nji minutda Şakiriniň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň 77-nji minutynda Şweýsariýadan Remo Froýler gyzyl kart alyp, meýdançadan hem çykdy.

Şweýsarlar 10 futbolçy bolup galandygyna garamazdan, soňuna çenli göreşip, 11 metrlik jerime urgularyndan ýeňildiler. Olara Fransiýa bilen bolan duşuşygyndaky ýaly şowlulyk bolmady.

 

Türkmen we türk daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri