SPORT

Neýmar 369 günden soňra ýaşyl meýdança dolandy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparynyň hüjümçisi Neýmar alan şikesinden 369 günden soňra täzeden ýaşyl meýdança dolandy. Ol Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çäklerinde “Al-Hilal” bilen BAE-niň “Al-Ain” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda oýnady.

Brazil futbolçy 77-nji minutda meýdança girdi. 2023-nji ýylyň awgustynda saud toparyna geçen Neýmar 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda şikes alypdy. Şol şikesden taplanmak üçin tejribeli futbolça 1 ýyldan gowrak wagt gerek boldy.

32 ýaşyndaky Neýmar 2017-nji ýylda Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna dünýäniň futbolynyň taryhynda rekord goýan iň gymmat transfer, ýagny 222 million ýewrolyk görkeziji bilen geçipdi.

Ol fransuz toparynyň düzüminde 5 gezek Fransiýanyň çempiony boldy. 4 gezek Naýbaşy kubogy, 3 gezek Fransiýanyň kubogyny eýeledi.

Neýmar “Barselona” topary bilen hem uly üstünlikler gazandy. Bu topar bilen 2 gezek Ispaniýanyň çempiony bolup, 3 gezek ýurduň kubogyny we 1 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Neýmaryň ilkinji kluby Braziliýanyň “Santos” toparydyr. Bu topar bilen Braziliýanyň kubogyny we Libertadores kubogyny gazandy.

Brazil futbolçy Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 128 duşuşykda 79 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçylaryň biridir.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady