SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Nepesiňi durlaýan türk çaýy

Türklerde myhmanyň ilki hezzeti çaý bolup durýar. Çaýa türk medeniýetinde örän uly ähmiýet berilýär we onsuz bir güni hem göz öñüne getirip bolanok. Türkiýede ertirlik naharyndan agşam naharyna çenli gündelik durmuşda çaý bilen nepesiňi durlamak mümkin. Ol diñe bir sarp ediji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde-de ony ortaça ýyllyk 1,5 million tonna çaý öndürýän dünýäde iri önüm öndürijileriñ hatarynda görkezmek bolar. «Türk çaýy» 2022-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizildi. Türkiýe we Azerbaýjan degişli resminamanyñ awtordaşlary bolup çykyş edýärler.

Türkiýede çaý maý-iýun, iýul-awgust we sentýabr-oktýabr aýlarynda, ýagny ýylda 3 gezek ýygnalýar. Onuñ 70 göterimi Türkiýäniň gündogar Gara deñiz sebitinde ýerleşýän Rize welaýatynda, galan 30 göterimi bolsa agzalan sebitiñ beýleki welaýatlary bolan Artwinda, Trabzonda, Orduda şeyle hem Giresunda ösdürilip ýetişdirilýär. Wagtal-wagtal «ýaşyl reñkli altyn» diýlip atlandyrylýan üstüne gar ýagýan dünýäde ýeke-täk çaýlaryñ biri bolan Rize çaýy, «iň tebigy çaý» adyna eýe boldy we geografiki ýerleşişi babatda hasaba alyndy. Onuň gözüňi dokundyrýan reňki, ysy we üýtgeşik lezzeti şähdiñi açýar.

Gündogar Gara deñiz sebitiniň Pokut, Aýder we Anzer ýaly gök bürenjege bürenen ýaýlalarynda mylaýym sergin şemalyň astynda arassa howada wagt geçirmek üçin Rizä gelýän jahankeşdeler, ekin meýdanlarynda ösdürip ýetişdirilýän çaýyñ bol hasylyny ýygnamak bilen muşgullanyp bilerler. Rizäniñ ümmülmez çaý meýdanlarynda çaý oragyna girişeniñden soñra milli lybaslary geýip ýadygärlik surata düşmek bolsa özboluşly däbe öwrüldi. Ýoluñyz düşüp Rizä barsañyz ýerli simit bilen demini alan tagamly çaýlardan lezzet alyp bilersiñiz. Şeyle hem, öýüñizde demlemek ýa-da dost-ýarlaryñyza sowgatlyk üçin bu ýerden çaý satyn alyp bilersiňiz.

Türk çaýy hezzet edilişi bilen hem tapawutlanýar. Ol esasan hem misden, metaldan ýa-da çoýundan ýasalan ıki çäýnekden ybarat bolan kitirde demlenýär. Aşaky çäýnekdäki suw gaýnandan soň ýokarky çäýnege guýulýar we oňa çaý goşulýar. Soňra bolsa aşaky çäýnege ýene sowuk suw guýulýar we suwuň gaýtadan gaýnamygana garaşylýar. Şol wagt içi çaýly bolan beýleki çäýnek ýuwaş-ýuwaşdan demini alyp başlaýar.

Demini alan çaý, gyzgynlygy saklaýan ýüzünde çigildemiñ şekli bolan bulgurlarda äberilýär. Ilki ýokarky çäýnekden çaý guýulýar, soñra çaý ıçýäniň islegine görä aşakydan gaýnag suw goşulýar we çaý bulgurynyñ ýany bilen şeker hem hödür edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy