MEDENIÝET

Edebiýat boýunça Nobel baýragyna wengriýaly ýazyjy mynasyp boldy

2025-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragy wengriýaly ýazyjy Lásló Krasnahorkai berildi diýip, Stokgolmdaky Nobel komiteti habar berdi.

Bu ýazyjynyň döredijiligi üçin ilkinji sylagy däl. Wenger ýazyjysy mundan ozal, köp sanly baýraklaryň eýesi boldy. Ol Halkara Buker baýragyny (2015), Amerikanyň Milli kitap baýragyny (terjime edilen edebiýat üçin, 2019) we Wengriýanyň iň ýokary döwlet sylagy — Koşut baýragyny (2004) gazandy.

2024-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi günorta koreýaly ýazyjy Han Gan bolupdy.

 

Related posts

«Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara maslahat geçirilýär

Arkadag şäheriniň sirkine täze doglan gaplaň çagalary sowgat berler

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy