Nepally alpinist Kami Rita Ewerest dagyna çykmak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Ol dagyň beýik depesine 30-njy gezek çykdy.
54 ýaşyndaky Kami Rita Ewesret dagyna çykmaga gelýän syýahatçylaryň ýolbeledi hökmünde işleýär. Mundan ozalky rekordlar hem oňa degişlidir.
Rita 2018-nji ýyldan bäri Ewerest dagyna çykmak boýunça dünýä rekordyny saklap gelýär.
Ol ilkinji gezek dünýäniň iň beýik dagyna 1994-njy ýylda çykypdy. Şondan bäri ol her ýyl diýen ýaly dag depesine çykýar.