Nebitgaz senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär. Şeýlelikde, şu ýylyň 11 aýynda pudakda özleşdirilen maýalaryň umumy möçberi 7,1 milliard manatlykdan gowrak boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 492 million manat köpdür. Bu barada “Ussat news” elektron neşirinde bellenilip geçilýär.
Umuman ýurdumyz boýunça nebitiň we gaz kondensatynyň 8,7 million tonna golaýy, şeýle hem tebigy we ugurdaş gazyň 62,3 milliard kubmetrden gowragy gazylyp alyndy. Şunda eksporta «mawy ýangyjyň» 31 milliard kubmetre golaýy iberildi. Şonuň bilen birlikde daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberi 231 müň tonna deň bolup, 2019-njy ýylyň degişli döwründen 42,3 müň tonna köp boldy.
Hususan-da, «Türkmennebit» Döwlet konserni «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen Goşmaça ylalaşyk baglaşdy, ol 2028-nji ýyla çenli Goturdepe ýatagynda guýulary düýpli abatlamak we ýer gatlaklarynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň dowam edilmegini göz öňüne tutýar.
Täze şertnamanyň çäklerinde önümçilik maksatnamasyny giňeltmek göz öňünde tutulýar, oňa “Goturdepenebit” nebitgaz çykaryjy müdirliginiň ýene birnäçe nebit ýataklary goşular. Jemi 250 guýyny düýpli abatlamak meýilleşdirildi. Häzirki wagtda nebit geçiriji nasos-kompressorly turbalary anatlamak boýunça taslama amala aşyrylýar, şeýle hem “Tatneftiň” hünärmenleri ýatagyň sanly nusgasyny döredýärler.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtomobil benzininiň dürli görnüşleriniň 1,7 million tonnadan gowragynyň hem-de dizel ýangyjynyň 1,65 million tonnadan gowragynyň taýýarlanandygyny bellemek gerek. Bu önümleriň agramly bölegini daşary ýurtly kompaniýalar satyn aldylar.
Gyýalydaky polimer zawodynda öndürilýän polietileniň satuwy 3 esseden gowrak artdy. Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen bu önümiň 140 müň tonna golaýy ýerlenildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 95 müň tonna köpdür.
Alyjylaryň hatarynda Russiýanyň, Owganystanyň, BAE-niň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bar. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl türkmen polimerleriniň Türkiýä hem-de Günoprta-Gündogar Aziýa, şol sanda Hindistana we Pakistana iberilýän möçberi ep-esli artdy.
Halkara analitiki kompaniýalarynyň bilermenleri dekabrda dünýä bazarlarynda polipropileniň bahasynyň ýokarlanyp başlandygyny belleýärler. Bu ýagdaýy biz TDHÇMB-de hem görýäris. Mysal üçin 8-nji dekabrda geçirilen söwdalaryň barşynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileniň 3,5 müň tonnasy satyldy, onuň bir tonnasy üçin 1 müň 46 dollar nyrh kesildi. Şunda başlangyç baha 920 dollara deň boldy.
Umuman, tebigy gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportyndan gelip gowşan gyzyl pul ABŞ-nyň 4,13 milliard dollaryndan gowrak boldy.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy