SIZDEN GELENLER

Nebitgaz toplumy toplumlaýyn özgerdilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen baglylykda, ýurdumyzda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak barada barýar.

Dünýä bileleşigi döwletimiziň toplumlaýyn başlangyçlaryny, şol sanda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Dubaýda geçirilen 28-nji maslahatynda öňe süren tekliplerini goldaýar. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistan döwletimiz Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy. Şunuň netijesinde, Şol bir wagtda, ýurdumyzda “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek babatda anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara toparyň döredilmegi hem-de 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasynyň” tassyklanylmagy hem şaýatlyk edýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlag geçirmek we ulanmaga bermek uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlary ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda gaz çig malyny çuň gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitgaz känlerini gözlemek we özleşdirmek arkaly tebigy gazyň hem-de nebitiň goşmaça möçberini çykarmaga gönükdirilen degişli işler alnyp barylýar.

Dünýäde iri uglewodorod ýataklary hasaplanýan «Galkynyş», «Ýaşlar», «Garaköl», “Zäkli-Derweze”, «Garajaowlak» we tebigy gaza, gaz kondensatyna baý beýleki känler ýurdumyzyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär.

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Narsoltan Jumakowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň

Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçilik hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri