SIZDEN GELENLER

Nebitgaz senagaty we okgunly ösüş

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk has-da ýokarlandyrmak, bütin dünýäde Watanymyzy ykdysady taýdan durnukly ösüşi bilen tanatmak, sanly ulgamy döwrebaplaşdyrmak, dürli hyzmatlary elektron görnüşe geçirmek ýaly çäreler maksat edilip goýuldy.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, ýurdumyz dünýä ykdysady ulgamyna barha işjeň goşulyşýar.

Häzirki döwürde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynda hem ýokary netijeler gazanylýar. Pudak dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilip, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ähli şertler bar. Işi ilerletmekde öňdebaryjy döwletleriň tejribesinden peýdalanmak, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek meseleleri we olaryň çözgütleri «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» giňişleýin beýanyny tapýar.

Ata Watanymyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginiň hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir.

Ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmagyň ýokary derejesi köp halatda ýataklary işläp taýýarlamagyň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Goturdepe” ýatagyndaky gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça elin hyzmatlary bermek barada Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek.

Şeýle hem “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual strategiýasy” atly tehniki-ykdysady esaslandyrmanyň işläp taýýarlanylmagynyň mümkinçiliklerini agzap geçmek ýerlikli bolar. Onuň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň zawodlaryny ösdürmegiň anyk ugurlaryny, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän gymmat bahaly nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň maksadalaýyklygyny kesgitlemek, şeýle hem daşary ýurt bazarlarynda nebit we nebithimiýa önümlerine bolan islegden we bar bolan serişde mümkinçiliklerinden ugur alnyp hereket edýän tehnologik desgalary döwrebaplaşdyrmagyň we täze desgalary gurmagyň mümkinçiliklerini hem-de ugurlaryny öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ekologik taýdan arassa önümçiligi döretmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutular.

Şunuň bilen birlikde, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebitgazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň, şeýle hem gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmak möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzda Gün we ýel energiýasyny peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligi mundan beýläk-de ösdüriler, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna maýa goýumlaryň mukdary artdyrylar.

Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary paýlaşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek üçin ýurdumyza täze enjamlary getirmek maksady bilen, maýadarlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak geljekki işleriň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Jemal Sapargulyýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ uly mugallymy.

 

«General» ýazyjy

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti