SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Türk­me­nis­ta­nyň nebitgaz se­na­ga­tyn­da mi­lli Li­de­ri­mi­ziň bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de soň­ky ýyl­lar­da “ma­wy ýan­gy­jyň” çy­ka­ry­ly­şy­nyň dur­nuk­ly art­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ara­syn­da düýp­li yl­my-bar­lag göz­leg iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan geo­fi­zi­ki mag­lu­mat­la­ryň esa­syn­da çuň­luk­lar­da seýs­mi­ki göz­leg­le­ri ge­çir­mek ýa­ly ir­gin­siz zäh­me­ti ta­lap ed­ýän iş­le­ri, te­bi­gy baý­lyk­la­ryň tä­ze ýer­le­ri­ni tap­ma­gy, tä­ze gu­ýu­la­ryň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­ni we hä­si­ýet­le­ri­ni gör­kez­ýän kar­ta çyz­gy­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Şeý­le hem ýe­riň gat­lak­la­ry­ny öw­ren­mek, tä­ze gu­ýu­la­ry bu­raw­la­mak we bar bo­lan­la­ry­nyň dur­ku­ny düýp­li tä­ze­le­mek, ne­bi­tiň we ga­zyň çuň gat­lak­lar­dan ga­zy­lyp alyn­ma­gy­ny ýo­la goý­mak hem-de ola­ryň çy­ka­ryl­ýan göw­rü­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, şol san­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ki en­jam­la­ry we se­riş­de­le­ri sa­tyn al­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkeziji gazanyldy, ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gaz çykaryldy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan we geljegi uly taslamalaryň köpüsi ýangyç-energetika toplumy bilen baglydyr, sebäbi energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ählumumy abadançylygyň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, ägirt uly nebitgaz gorlaryna eýe bolup, şol kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga ymtylýar. Bu ugurda öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty amala aşyrmak bilen ýurdumyz energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny artdyrmak, köpugurly turbageçiriji düzümi döretmek hem-de ýangyç-energetika pudagynda deňhukukly, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bu ugurda dünýäde dördünji orny eýeleýär. Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär, gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýär.

 

Aşyrmuhammet Süleýmangulyýew,

Ýagşygeldi Kakaÿew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ

Geologiýa fakultetiniñ

Çyzuwly geometriya inžener kompyuter grafikasy

kafedrasynyñ uly mugallymy.

 

 

Saýlaw-2022:Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika