Eýsem “tike” näme? Bu soraga sözlüklerimiz şeýle jogap berýär:
“Tike, bir zadyň kiçijik, ownujak bölegi. Öten ýyl şu gaýadan bir ýükli düýämiz uçup, her tikesi gulagy ýaly boldy. Ata Gowşudow. Mähri-Wera.” [TDS, 1962:648]
“Tike, at. Döwlen zadyň kiçijik bölegi. Gapa değip döwlen çäýnegiň her tikesi bir ýana uçdy.” [TDDS, II,2016:368]
Sözlüklerden-de belli bolşy ýaly, “tike” sözüniň manysy bütinden aýrylan kiçijik bölegi aňladýar.
“Nanosemantika” hem bir bütewi manynyň ownuk ülüşlerini özünde birleşdirýär. Bize şol ülüşleri içgin öwredýär. Bu bütewi many san babatdan hasapsyzdyr, tematik taýdan bolsa köpdürlüdir.
Ýer ýüzi, ýer-ýurt bilen baglanyşykly umumy manynyň geografik nukdaýnazaryndan ownuk ülşüni öwrenmek maksady “Türkmenistanyň döwlet senasyndan” aşakdaky ýaly bendi saýlap aldyk:
“Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym,
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!” (Türkmenistanyň döwlet senasy)
Bu mysalyň soňky setirindäki sözlerden biziň aňymyzda iki sany geografik at şöhlelenýär. Olaryň biri ýer ýüzi, ýer şary, ýer togalagy manysyndaky “Dünýä” sözüdir. Ikinjisi bolsa türkmenleriň mesgen tutup ýaşaýan we “Türkmenistan” diýip atlandyrýan ýurdudyr.
Netijäniň ýorgudy şeýledir: “dünýä” sözi bütewi, umumylykdaky manydyr. Bu many biziň aňymyzda ýer togalagyny, ýer şaryny, ýer ýüzüni umumy (bütewi) görnüşde şöhlelendirýär. Onuň iň kiçi ülüşi hökmünde-de “Türkmenistan” düşünjesi ýüze çykarylýar. Geografik nukdaýnazaryndan nanosemantika şuny öwredýär: Türkmenistan dünýäniň nano ülüşleriniň biridir. Başgaça aýdylanda, dünýäniň nano ülüşlerinden biri-de Türkmenistandyr.
Bu mysaly has-da kiçeldip bileris, geografik taýdan has-da daraldyp bileris. Munuň üçin Ilki bilen ýeriň üst şekiliniň umumy görnüşine (landşaft) degişli bolan mysala garap geçeliň:
“Bu serhetsiz gök asmanyň astynda, şu ümmülmez dünýäniň bir çetinde Esgi atly kiçijik oba bar. Bir ganaty mele derya, bir ganaty – uzaboýuna gök çäge. Bir tarapy çaga dogrulýan iki gat öý, bu häzirki döwre degişli, bir tarapam – gatlary näbelli belent gonamçylyk – bu asyrlara degişli. Şol iki gat jaýyň ýa-da şol gonamçylygyň ortasyndaky belendiň üstüne çykyp seretseň, bu oba bir ýüpi meleden, bir ýüpi gökden işilen äpet sallançaga çalym edýär ” [Kömek Kulyýew. Ömür kerweni. Aşgabat, 2010:131].
Ýokardaky tekstiň birinji sözleminde (Bu serhetsiz gök asmanyň astynda, şu ümmülmez dünýäniň bir çetinde Esgi atly kiçijik oba bar) “dünýä” umumy manyda tebigatyň astronomik taýdan gurluş binýady hökmünde beýan edilýär.
Diýmek, DÜNÝÄ semantik taýdan bir bütewi düşünjedir. Önuň tekste görä iň kiçijik molekulasy-da belldir, ESGI OBASYDYR. Başgaça aýdylanda, ESGI OBAJYGY bütewi düşünjäniň (DÜNÝÄNIŇ) nanosemantik parçasydyr.
Diýmek, ESGI OBASY Türkmenistanyň nano ülüşleriniň biridir, Dünýäniň bolsa has kiçi nano ülüşleriniň biridir. Başgaça aýdylanda Türkmenistanyň nano ülüşleriniň, Dünýäniň bolsa has kiçi nano ülüşleriniň biri ESGI OBASYDYR.
Geografik mysaldan şahs, kişi bilen baglanyşykly nanosemantik aýratynlyklaryna degişli bir mysala geçeliň.
“–Sen özüň, urşa giden bolsaň, näderdiň?-diýende, Orazyň gözleri uçganaklap gitdi. Isgender oýlanyp durmady:
–Il nädýän bolsa, menem şeýdibirdim.
Soňrak:
–Ilden kem-ä durmazdym. Il birini tutup getirse, men ikisini getirerdim.
Ýene soňrak:
–Il bäşisini gyrsa, men onusyny serrelderdim.” [Kömek Kulyýew. Ömür kerweni. Aşgabat, 2010:29].
Bu mysalda “il” sözüniň semantik taýdan umumy manysy bardyr: “halk, ilat, adamlar, köpçülik…” manylaryny aňladýar. Munuň nano semantik ülüşi bolsa “men” sözüdir.
Netijäniň ýorgudy şeýledir: “il” sözi umumy, bütewilikdäki manydyr. Bu many biziň aňymyzda “halk, ilat, adamlar, köpçülik, jemagat” görnüşinde şöhlelenýär. Onuň iň kiçi ülüşi hökmünde-de “men” düşünjesi ýüze çykarylýar.
Şahslar, kişiler nukdaýnazaryndan nanosemantika şuny öwredýär: “MEN” düşünjesi “IL” düşünjesiniň iň kiçi nano ülüşleriniň biridir. Başgaça aýdylanda, “ILIŇ” nano ülüşlerinden biri-de “MEN” düşünjesidir.
Mundan başga-da ýokardaky mysalda san, mukdar bilen baglanyşykly nusgalara duş gelýäris. Mysalda (…men onusyny serrelderdim) iň uly mukdar düşünjesi ONDUR.
Sanlar, mukdarlar nukdaýnazaryndan nanosemantika şuny öwredýär: “BIR”, “IKI”, “BÄŞ” düşünjesi “ON” düşünjesiniň kiçi nano ülüşleridir. Başgaça aýdylanda, “ONUŇ” nano ülüşlerinden biri-de “BIR”, “IKI”, “BÄŞ” düşünjeleridir.
Şu ýerde köplük san goşulmasy bolan “-lar / -ler” hakynda-da gysgaça maglumat bermegi ýerlikli hasapladyk. Köplenç isimlere (atlara) goşulyp gelýän san goşulmalary atdan aýrylanda, olarda many taýyndan nano ülüşleriň ýüze çykýandygyny görmek mümkindir.
Muňa degişli käbir mysallara seredip geçeliň.
1-nji mysal: “Abdyrahmanyňam, baý, saýraberendir-ä. “Ýüzden-ä geçýä” diýdi. “Häzir öz sürimde” diýdi. “Ýöne oňa erte-birigün sanaw geljek” diýdi. “Iki-üç günjük saklap beräýseň-ä, gadyryňy bilerdim” diýdi ýene-de. Rejep “diýdi-didileriň” arasyny böldi.” [Kömek Kulyýew. Ömür kerweni. Aşgabat, 2010:107].
Bu mysaldan-da belli bolşy ýaly, ençeme “diýdi” düşünjesi özara birleşip, umumy görnüşindäki “diýdiler” düşünje ýygyndysyny emele getirýärler. Şolaryň aýratynlykdaky her düşünjesi onuň iň kiçi ülüşleriniň biridir. “Ýüzden-ä geçýä” diýdi. düşünjesi semantik taýdan DIÝDILER düşünjesiniň iň kiçi ülüşidir.
2-nji mysal: “Günleriň bir güni, goç-teke möwsümi sag-aman sowlup, sürä im-isalalyk aralaşansoň, Durdy aga:
-Rejep, Çary, hany ikiňizem gulagyňyzy bäri tutuň!-diýdi. Rejep bilen çoluk oğlan – ikisem gulaklaryny Durdy aganyň ygtyýaryna berdiler.” [Kömek Kulyýew. Ömür kerweni. Aşgabat, 2010:108].
Bu mysaldaky “BIR GÜN” semantik taýdan “GÜNLERIŇ” iň kiçi ülüşidir. Başgaça aýdylanda “GÜNLER” düşünjesiniň iň kiçi ülüşi “BIR GÜN” düşünjesidir.
Geliň “göwün” bilen baglanyşykly mysaly gözden geçireliň. “Göwün” sözüniň umumy manysy her kime bellidir. Ýöne “nanosemantika” onuň anyk böleklerini hem ýüze çykarmagy we okyjylar bilen paýlaşmagy göz öňünde tutýar.
Tejribeli türkmen ýazyjysy Kömek Kulyýewiň “Ömür kerweni” diýen kitabyndaky mysaldan eseriň gahrymanlarynyň biri bolan Jemhuruň iki göwnünem öwrenmek mümkindir:
“Bir göwnüm “Öýlen!” diýýär, bir göwnümem “Öýlenme!” diýýär. Garaz, Jally agamyň terezileri ýaly…” [Kömek Kulyýew. Ömür kerweni. Aşgabat, 2010:158].
Bu ýerde eseriň gahrymanynyň iki göwnünden gürrüň gozgalýar. Birinjisi, “öýlenmekligi” kabul edýän GÖWÜN, ikinjisi bolsa, “öýlenmekligi” kabul etmeýän GÖWÜNDIR.
Aslynda ikigöwünlilik adamyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ikigöwünliligiň nanodüzümi gapma garşylykly häsiýetleri bolan bir molekulanyň iki atomyny ýatladýar.
Dünýä inen her bir şahs bu dünýäniň wekilidir. Diýmek, her bir adam bütewi düşünjäniň (dünýä ilatynyň) bir nanosemantik wekilidir.
“Maýsa kökesinden dişläp, öz-özünden ýylgyryp barýardy. Ol indi juda arkaýyn. Sebäbi, onuň öňünden ýolbeledi – ýüz müň dürli owazly, gohly-galmagally, agyly-gülküli, ullakan dünýäniň kiçijik, dillije wekili joňkuldap barýar” [Kömek Kulyýew. Ömür kerweni. Aşgabat, 2010:259].
Şeýlelikde, tekstdäki Aýnajyk-da, Maýsa-da bir şahsdyr, olaryň her biri bu dünýäniň wekilidir.
Elbetde, geljekde nanosemantikanyň türkmen dili bilen baglanyşykly dürli öwüşginleriniň öwreniljekdigi şüphesizdir.
Jemleme ýerine: Dil biliminde täze ugur bolan nanolingwistikanyň esasy maksady dili we onuň birliklerini täzeçe öwrenmekden ybaratdyr. Şeýle hem dil biliminiň ähli bölümleriniň baglanyşykly derňelmegini üpjün etmekligi göz öňünde tutýar. Hut şonuň ýaly-da, dili we onuň birlikleri bilen baglanyşykly pikirleniş ukybyny çaltlandyrmagy we ösdürmegi maksat edinýär. Dile we onuň birliklerine bolan ünsi güýçlendirmek, täze tapmaça tipli soraglar esasynda dil babatdaky başarnyklaryny kämiileşdirmek hem-de dil birlikleriniň iň kiçi ülüşlerine çenli içgin öwrenmekligi göz öňünde tutýar.
Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy
Edebiýatlar:
1.Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ: [тезисы Межд. Научно-практической конференции]. Москва, 2007.
2.Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011, С. 31-43.
3.Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007,–С. 8-11.
4.Свинкина М.Ю. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. Труды молодых ученных. Вестник ВолГу. Серия 9. Вып. 11.2013, С. 195-197.
5.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, С. 9-16.
6.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005,–С. 186-193.
7.Словарь иностранных слов. Москва. Русский язык. 1988.
8.Червякова Л. Д. Валидность нано в лингвистике: Нанолингвистика – академическая наука или фрик-лингвистика. Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. № 2, 2018, С. 213-220.
9.Червякова Л. Д. Правомерность существования нано-лингводидактики. Росский научный журнал. № 4 (42), 2014, С. 214-220.
- Б. Н. Базылов. Науке о языке XXI века: Словарь-справочник. М:2013.
11.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. I kitap. Fonemalar sözyleýişde. Aşgabat: Ylym, 2019, 520 s.
12.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. II kitap. Sözyleýşiň fonetik gurluşy. Aşgabat: Ylym, 2019, 436 s.
13.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde söz basymy (eksperimental-fonetik derňew). Aşgabat: Ylym, 2012, 260 s.
14.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde sözüň singarmonizm hadysasy. Aşgabat: Ylym, 2013, 332 s.
- Efrasiyap Gemalmaz, Türkçenin Derin Yapısı, Yayıma Hazırlayanlar Cengiz Alyılmaz-Osman Mert. Belen Yayıncılık, Ankara 2010, XXVI+574 s.