DÜNÝÄ

Müsürde prezident saýlawlary geçirilýär

Müsürde ählumumy prezident saýlawlary başlady. Ýurduň ähli ýerinde döredilen saýlaw uçastoklarynda ses bermek işi 12-nji dekabra çenli dowam eder.

Ýurduň milli saýlaw toparynyň habaryna görä, Müsüriň çäklerinde 10 müňden gowrak saýlaw uçastogy döredildi. onda ses bermek hukugyna eýe bolan 67 milliona golaý raýat ses berer.

Ýurduň häzirki Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi hem bu saýlawlara gatnaşýar. Ol 2014-nji ýylda prezidentlige saýlanypdy. 2019-njy ýylda Müsürde Konstitusiýa üýtgetmeler girizilip, şoňa laýyklykda prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhleti 4 ýyldan 6 ýyla çykaryldy.

Eger prezident saýlawlarynda ikinji tapgyra galynan halatynda, onda saýlawlar 8-10-njy ýanwarda geçiriler we onuň gutarnykly netijeleri 16-njy ýanwarda mälim ediler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri