SPORT

Müller şertnamasyny uzaltdy

Germaniýanyň “Bundesliga” futbol çempionatynyň toparlaryndan biri bolan “Bawariýa” 32 ýaşly hüjümçisi Tomas Müller bilen şertnamany 2024-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy.

Germaniýanyň kluby bilen şertnamasynyň möhletiniň uzadylmagy bilen baglanyşykly beýanat beren Müller “Şu gün “Bawariýa” bilen şertnamamy 2024-nji ýyla çenli uzaltmaga diýseň begenýärin” -diýip belledi.

Tomas Müller bu topar bilen 11 gezek Germaniýanyň çempiony boldy. 2 gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň, FIFA-nyň klublar dünýä kubogyny we UEFA-nyň Superkubogyny gazandy.

Müller “Bawariýa” toparynyň düzüminde 624 duşuşykda oýnap, 226 gol geçirdi.

Ol 2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda çempion bolan Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem orun alypdy.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/demiryollary-taze-gatnaw-tertibi/

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi