2021-nji ýylyň 31-nji martynda “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumynyň açylyşy hem-de esasy mejlisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Bu halkara forumy jemi dört bölüm boýunça öz işini dowam etdirdi. Dünýäniň 18 ýurdundan 77 ylmy işgäriň gatnaşmagy üçin meýilleşdirilen bu forum sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly alnyp baryldy.
Forumyň ikinji bölümi “Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny” ady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimowyň alyp barmagynda geçirilip, oňa institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly edenlen çykyşlar ajaýyp şygryýeti, serkerdelik häsiýetleri bilen döwrüň medeni-edebi ösüşine uly täsir eden akyldar şahyr Muhammet Baýram han Türkmeniň gahrymançylykly durmuş ýolyny we baý döredijiligini öwrenmek babatynda alymlaryň we professor-mugallymlaryň, ýazyjylardyr şahyrlaryň, syýasaty öwrenijileriň hem-de diplomatlaryň tagallalaryny birleşdirmekde möhüm ädime öwrülen halkara forumy gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Üçünji bölüm «Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri» ady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde Dawut Orazsähedowyň alyp barmagynda, şeýle hem, «Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirkizaman mümkinçilikleri» atly dördünji bölümi Baýrammyrat Taganowyň alyp barmagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi. Umuman, forum dört bölüm boýunça işjeň hereket edip, onda dünýäniň 200-den gowrak ylmy çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda türkmeniň serkerde şahyrynyň nusgalyk ömri, edebi döredijiliginiň aýratynlyklary, yşky-liriki, pelsepewi, ynsanperwer garaýyşlary, döwrüň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ylmy ýagdaýy hakynda düýpli pikirler orta atyldy hem-de täze ylmy netijelere gelindi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan bu halkara forum Gündogar bilen Günbatar medeniýetleriniň baýlaşmagyna, bilimleriň we ylymlaryň kämilleşmegine, halklaryň maddy we medeni-ruhy gymmatlyklarynyň özara baýlaşmagyna uly täsir eden Türkmenistanyň medeni-taryhy ýadygärliklerini, türkmen halkynyň dost-doganlygy we ynsanperwerligi ündeýän egsilmez maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, olaryň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmak hem-de geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler hem doly ykrar edýär.
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.