DÜNÝÄ

Mottaki: TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanar

Türkmenistan Owganystan bilen söwda dolanyşygynyň möçberini 1 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň daşary işler ministrine salgylanyp habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, golaýda 16-17-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Şonda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin toplumlaýyn ýol kartasynyň işlenip düzülmeginiň möhümdigine üns çekildi.

Şeýle hem Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýändigi hem bellenilip geçildi.

Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçilip, onda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystandaky gurluşygyna ýakyn wagtda girişmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki TOPH gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik dörändigini belläp, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin degişli işleriň geçirilendigini belledi.

Owgan ministri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip, ikitaraplaýyn söwda we üstaşyr gatnawlaryň ösýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ösdürmek üçin geňeşmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri