Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň 12-nji çagyryşyň Başlygy wezipesinde Mohammad Bager Galibaf saýlandy. Bu barada Eýranyň metbugat habar berýär.
Galibaf ýurduň Mejlisiniň 11-nji çagyryşynyň hem başlygy boldy. 2020-nji ýylyň fewralynda geçirilen parlament saýlawrynda syýasatçy 1,2 million ses aldy. 2005-2017-nji ýyllarda Galibaf Tähranyň şäher häkimi boldy. 2005-nji ýylda prezident saýlawlaryna gatnaşdy.
Eýranyň parlament saýlawlarynyň 12-nji çagyryşy 27-nji maýda öz işine başlady. Kanun çykaryjylyk organy bounça saýlawlar 1-nji martda geçirilipdi. Mejlisiň düzüminde 290 deputat bar.