SPORT

“Mir” teleýaýlymy Altymyrat Orazdurdyýew barada dokumental film düşürýär

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasy agyr atletika boýunça sport ussady, dünýäniň we Ýewropanyň 3 gezek çempiony, Aziýanyň we Aziýa oýunlarynyň çempiony Altymyrat Orazdurdyýew barada dokumental film surata düşürmek üçin Türkmenistana geldiler. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Teleýaýlymyň topary Mary welaýatynda bolup, sport ussadynyň doglan hem-de ýaşan ýerlerini surata düşürdiler.

Altymyrat Orazdurdyýew 1969-njy ýylyň 16-njy iýunynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dünýä indi. 1982-nji ýylda geljegiň çempiony Aşgabada gelýär we bu ýerde sport mekdebine girýär. 1989-njy ýyl Altymyrat üçin iňşowly ýyllaryň biri boldy. Ol dünýä we Ýewropa çempiony boldy. Soňky ýyl oňa ýene-de şowlulyk getirdi.

1989-njy ýylda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Fordloderdeýl şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda ol jemi 357,5 kg agyrlyk göterip,dünýäniň çempiony bolýar. 1990-njy ýylda Daniýanyň Olborg şäherinde agyr atletika boýunça  Ýewropa çempionatynda altyn medaly eýeläp, Ýewropanyň çempiony bolýar.1993-nji ýylda dünýä rekorduny goýýar. 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda birinji orny eýeläp, Aziýanyň çempiony bolýar. A.Orazdurdyýewiň gazanan üstünlikleri, türkmen sportuna getiren abraýy örän uludyr.

Şeýle hem “Mir” teleýaýlymynyň topary Ýaponiýada geçirilen Tokio Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana kümüş medal gazandyran Polina Gurýewanyň öýünde hem myhmançylykda bolup, onuň bilen Türkmenistanda sportuň ösüşi barada gürrüň edildi.

Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan medal gazanan ilkinji we ýeke-täk türgendir. 1999-njy ýylda Aşgabatda doglan bu türgen 12 ýaşyndan bäri agyr atletika bilen meşgullanyp gelýär.

Polina Gurýewa teleýaýlymyň habarçylar bilen söhbetdeşlikde gazanan üstünlikleri we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndna berlen sowgatlar barada gürrüň berdi. Şeýle hem habarçylar topary Polina Gurýewa bilen türgenleşik zalyna baryp, şol ýerdäki türgeniň türgenleşýän pursatlaryny surata düşürdiler.

Şeýle hem “Mir” teleýaýlymynyň habarçylary beýleki ýaş türgenler bilen hem gürrüňdeş boldy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler