SIZDEN GELENLER

Milliligiň belent sarpasy

Türkmen zenany deňi-taýy bolmadyk nepis halylary, bezemen toý lybaslary, çeper el işleri bilen dünýäde meşhurdyr. El hünäri — zenan dünýäsini bezeýän sungat. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserindäki: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýen ýakymly ýatlamalary deýin inçe el senetleri gyzlaryň her biriniň ýaşlygyndan öwrenýän hünäri bolup, eneden-gyza nesilme-nesil geçip gelýär.

Döwür-durmuşyň özgerýändigine garamazdan, birnäçe asyr mundan öň olaryň yhlasyny, paýhasyny jemläp döreden sungaty öz gadyr-gymmatyny birjik-de gaçyrmaýar. Taryhyň dürli kynçylyklaryna duçar bolsa-da halkymyz milli ruhy gymmatlyklaryny, edebi hem medeni mirasyny gözüniň göreji deýin gorap saklapdyr. Häzirki döwürde milli ruhy baýlyklarymyzyň arzysy has-da artýar. Şol gymmatly mirasyň kemala gelmeginde, syntgylanylyp, häzirki günlerimize gelip ýetmeginde gelin-gyzlaryň hyzmatyna ýokary baha berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen zenanlaryna öz ukyp-başarnyklary bilen dünýä çykmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Bu gün ylym-bilimde, medeniýetdir sungatda we sportda ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän zenanlarymyza tutuş halkymyz guwanýar. Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar tarapyndan goldanylýan gender deňligi babatynda bolsa biziň ýurdumyz dünýäniň köpsanly döwletlerine görelde bolup biler.

Ene-mamalarymyz gadymy döwürlerden bäri dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýarlanylýan jähekdir aldymgaç ýüpleri bilen milli lybaslarymyzyň gyrasyny bezäpdirler, işilen alajalary dürlüçe oturdypdyrlar. Alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýlip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr.

Alajalar diňe bir egin-eşiklere berkidilmän, eýsem, bala-çagalaryň boýnuna, goşaryna hem dakylýar. Sallançakbag, gundagbag üçin alaja örüpdirler. Häzirki wagtda gyz-gelinleriň on barmagyndan döreýän alajalar durmuşymyza mäkäm ornaşyp, hemmelerde uly isleg döredýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerinde alajalaryň gözelligini görmek bolýar. Hut şonuň üçinem, geçmişden geljege dowam edip gelýän bu nepis sungat boýlarymyzy, öýlerimizi, toýlarymyzy bezeýär. Il-günümiziň baky buýsanjy bolan alajalaryň gözelligi diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä halklarynda hem uly täsir galdyrýar.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän ajaýyp däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, yrym-ynançlary bar.

Halkymyzyň ruhuna siňen edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň aňyrsynda ýagşy niýet, edep-terbiýe ýatyr. Biziň bilşimiz ýaly, golaýda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan ussat halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Döwlet muzeýine baryp, mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de alaja örende ulanan iş guralyny sowgat bermegi ähli halkymyzy buýsandyrdy.

Gül keşdeler zenanlarymyzyň ýürek mukamy, durmuş hakyndaky şirin aýdymy. Ene-mamalarymyz ýaňy gulpagy örüme girenden gyz perzendiň eline iňňe berip, el işini öwredýärler.  Ýaş gyzlar keşde çekmek, alaja örmek, aldymgaç kakmak, jähek çalmak ýaly el işlerini hem öwrenýärler. Ussat ene-mamalarymyzyň çeper elleri bilen döreden nepis, inçe keşdeleri nesilme-nesil dowam edip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Hiç bir zady synçy nazaryndan sypdyrmadyk ene-mamalarymyz edilen işlere ser salyp, gyzlaryň elleriniň çeperligini anyklapdyrlar.

Gültäç Rejepmämmedowa, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri