Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, watansöýüji, giň gözýetimli ýaş nesli ýetişdirmekde bilim-terbiýeçilik işleri durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykda alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi we 2028-nji ýyla çenli ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bilimiň ähli basgançaklarynyň kämilleşdirilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşýandygynyň subutnamasy boldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri bu günki günde mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüji bolmaklary hakynda alada etmek asylly ýörelgedir. Bu asylly ýörelge ynsanda ýagşylygy, birek-birege hormat goýmagy, sahawaty kemala getirýär. Nesillere ýagşylygy ündew etmek bilen bir hatarda asylly görelde görkezmek terbiýäniň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle öwüt berlende, süýji sözlülik, nakyllardan, paýhasly sözlerden peýdalanmak oňat netije berýär.
Halk pähimlerinde ýagşy görelde gören ýaşlar hakynda ençeme nakyllary görmek bolýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem «Ýagşy oguldan rehmet arygy akar» diýip, nesilleriň ýagşy gylykly, oňat häsiýetli bolup ýetişmegi hakynda beýan edipdir. Esasan hem, ýagşy häsiýetler ene dilimizde aýdylýan pähimlerden gözbaş alýar. Bu pähimlere we atalar sözlerine oňat düşünmek üçin ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmek gerek. Şoňa görä-de, nesillerde ene dilimize bolan buýsanjy terbiýelemek, nakyllary we nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklaryny öwretmek örän möhümdir. Munuň özi olarda il-güne söýgini, geçmiş mirasymyza bolan belent sarpany kemala getirer.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmek, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak ugrunda «mugallym» diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmatyna uly hormat goýýarys.
Uly hormatlanylýan mugallymlar çagalaryň döwrebap terbiýe almagynda hem oňyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň körpe nesliniň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň milli ruhda terbiýelenmegi babatda uly alada edilýär. Çaga terbiýesi yzygiderli üns-aladany talap edýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýesiniň kämilleşdirilmegi we çaganyň irki ösüş döwri onuň ömri hem-de durmuşy üçin zerurdyr.
Döwrebap, ukyply, başarjaň nesli terbiýeläp ýetişdirmekde sapaklaryň ähmiýeti örän uludyr. Sapaklar çaganyň akyl terbiýesiniň esasy özeni bolup durýar. Häzirki wagtda çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň ilkinji üns bermeli meselesi çaganyň düşünjesiniň sazlaşykly ösmegidir. Daşky dünýäni özleşdirmekde, çagalaryň gündelik durmuşda bolup geçýän ýagdaýlary duýuş tejribeleri örän uly orna eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Perzent terbiýesine jogapkärli çemeleşmek her bir adamyň öňündäki ömre barabar wajyp borjy. Häzirki wagtda döwrüň ösüş, özgeriş tizligi mese‑mälim artdy. Biz öz nesillerimizi diňe şu gün üçin däl, geljegiň zerurlyklaryny hem göz öňünde tutup taýýarlamaly. Bu ýollarda çeken zähmetimiziň, siňdiren yhlasymyzyň ertir bizi begendirýän datly miweler bolup dolanjakdygyna şübhe ýok. Çünki Ýaradan bendesiniň ýagşy ýolda sarp eden yhlasyny birjik-de köýdürmeýär. Eger-de biz geljege näderejede taýýarlykly barsak, bu günki taýýarlygy şol derejedäki ajaýyp durmuşyň kepili hökmünde kesgitläp bolar» diýen ýaly setirleri, hakykatdanam, nesillerimizi diňe şu gün üçin däl, döwrebap geljek üçin kämilleşdirmegiň zerurdygyny mese-mälim ýüze çykarýar. Ýaş nesilleriň ruhy baýlygyny ösdürmek, olary goldamak, Watana bolan söýgüsini artdyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn ýetişdirmek geljegiň bagtyýarlygyny kepillendirýär.
Çagalaryň harplary tanap, okap, öwrenenlerinden soňra terbiýe berijiligi ýokary bolan kitaplary okamaklary, olaryň düşünjeleriniň giňelmegine, boş wagtlaryny gyzykly geçirmäge gowy ýardam berýär. Çagalar bilen geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik çäresiniň mazmuny we tertibi mugallymyň ussatlygy, onuň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň kömegi, täze usullar bilen bilelikde kitap çeşmelerini peýdalanmagy, öz işini ýokary derejede guramagy bilen şertlendirilýär. Şeýle-de terbiýe babatda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridir. Terbiýeçilik ähmiýetli rowaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen düşündirilýän terbiýe mekdebi çagalaryň çalt ýadynda galýar. Okamak olaryň geljekde ilhalar, hemmetaraplaýyn ösen, iň gowy sypatlary özünde jemleýän adamlar bolup ýetişmekleri üçin wajypdyr.
Bu günki gün eziz Diýarymyz bagtyýar çagalygyň mekanyna, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Ýaş nesilleriň ylym-bilimine uly üns berilmegi netijesinde, ýurdumyzda dünýäniň iň ösen enjamlary bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurulmagy, olarda berilýän edep-terbiýe bagtyýar geljegimiz bolan çagalaryň sowatly bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.
Ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmekleri, intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyklarymyz çäksizdir.
Mähri Metdiýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.