Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär.
Milli Liderimiz häzirki döwürde halkara giňişlikde üstünlikli çykyş edýän “Arkadag” futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli ýaryşynyň geçiriljek ýeri bolan 45 müň orunlyk, Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow stadionyň futbol meýdançasynyň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigi hem-de stadionda halkara ýaryşlary, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygy barada giňişleýin maglumat berdi.
Milli Liderimiz başlanmagyna 10 gün galan halkara futbol duşuşygynyň ýokary derejede dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz soňky ýyllarda halkara giňişlikde uly üstünliklere eýe bolýan “Arkadag” toparynyň ýeňiş gazanmagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny, deňme-deň oýnan pursatlarynda bolsa, il içinde aýdylyşy ýaly, “kör abraýdygyny” belledi. Eger futbolçylarymyzyň utulan ýagdaýynda hem bu bäsleşigiň biziň halkymyz üçin toý-baýrama öwrüljekdigini, türgenlerimiziň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz olaryň yhlasyny gaýgyrman, arassa hem owadan oýun görkezjekdiklerine ynam bildirdi.
