JEMGYÝET

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy.

Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlanjy esasynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde hakyky halk häkimiýetliliginiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, raýatlaryň ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiliginiň artmagy olaryň erk-isleglerini erkin beýan etmeginiň–saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Bellige alnan dalaşgärleriň 16-sy welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary, 95-si etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan hödürlenildi, ýurdumyzda dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisleriň 55-si geçirildi.

Dalaşgärleriň ählisi erkin we deňhukukly esaslarda hödürlenildi. Olary hödürlemek we bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilmeginde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan 111 terjimehallary «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde hem-de ýerli gazetlerde çap edildi.

Şeýlelikde, saýlawlar güni 48 mandat üçin 111 dalaşgär bäsleşer. Munuň özi demokratik ýörelge esasynda bir orun üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär.

Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek çäreleri dalaşgärleriň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň tamamlanar.

 

Göwher Hajymyradowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

 

 

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi