Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynda Prezident Wladimir Putin tarapyndan Hökümet başlygy wezipesinde hödürlenen Mihail Mişustiniň dalaşgärligi tassyklandy.
Mişustiniň dalaşgärligi üçin 375 deputat ses berdi. Garşylyk bildiren bolmady, 57 deputat ses bermekden saklandy.
Mihail Mişustin öz nobatyndaky deputatlara dalaşgärligini tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýurduň täze hökümet düzümi bilen amala aşyryljak işler barada çykyş etdi.
Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin 13-nji maýda deputatlaryň wise-premýerleriň, 14-nji maýda bolsa, ministrleriň dalaşgärliklerine sereder.
