SPORT

Messiniň ýurduň maliýe ýagdaýyna täsiri

Dünýäniň iň gowy, ýyldyz we ýaş oýunçylaryň halypasy hasaplanylýan, “Barselona” toparynyň hüjümçisi we şol bir wagtda toparyň kapitany Lionel Messi toparyny terk etse, onda Ispaniýanyň maliýe pudagyna zeper ýetirer diýip, Ispaniýanyň metbugatynda çap edildi.

“Sport” gazetiniň habar bermegine görä, Messiniň ýyllyk girdejisi sebäpli Ispaniýanyň degişli edaralaryna takmynan 50 million ýewro salgyt töläpdir. Neşirde “Messiniň topardan gitmegi maliýe ýagdaýyny üýtgedýär” sözüni ulanyp, argentinaly futbolçynyň iň köp salgyt töleýän türgendigini belläp geçdi. Şeýle hem bu habarda “Barselonany” terk etmek isleýän Luis Suareziň  hem her ýyl 15 million ýewro salgyt töleýändigini ýatlatdy.

Beýleki tarapdan, Messiniň öňki menejeri Hosep Mariýa Mingella, salgyt artykmaçlygyny göz öňünde tutup, hüjümçiniň Italiýanyň futbol toparlaryna transfer bolup biljekdigini belläp geçdi.

Şeýle hem ispan metbugatynda Messiniň “Barselona” toparyndan giden ýagdaýynda, indiki toparynyň Angliýanyň “Mançester Siti” topary bolup biljekdigi hem-de bu topara geçmek mümkinçiliginiň birinji orunda durýandygy bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi