SPORT

Messi “PSŽ” topary bilen ylalaşdy

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ozalky hüjümçisi, dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri bolan Lionel Messiniň Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen ylalaşandygy habar berilýär.

“L’Equipe” neşiriniň habaryna görä, futbolçy bu topar bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşar. Şertnamada onuň möhletini ýene-de 1 ýyl uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

Birnäçe sagadyň dowamynda Messiniň Pariž şäherine gelmegine garaşylýar. Ol bu ýerde lukmançylyk barlagyndan geçer we şertnama gol çekişer.

Argentinaly futbolçynyň Pariž toparynyň futbolçysy hökmünde metbugat tanyşdyrylmagy bilen baglanyşykly metbugat ýygnagyny çarşenbe güni geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hüjümçiniň ýyllyk aýlygy bonuslar bilen 35 million ýewro töweregi bolar.

Messi 2004-nji ýyldan bäri “Barselona”-nyň esasy toparynda çykyş edýär. Messi bilen “Barselona” toparynyň arasynda täze şertnama gol çekmek mümkinçiligi bolmady we şonuň netijesinde, Messi bu topardan gitdi.

 

 

Messiniň 21 ýyllyk gözýaÅŸy: “PSŽ” – entek bir wariant

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder