SPORT

Messi “PSŽ” bilen şertnama baglaşdy

Umuman, awgust aýy futbol dünýäsinde Lionel Messiniň aýy boldy. Onuň 13 ýaşyndan bäri, çykyş edip gelýän Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan gitmegi dünýä metbugatynda, hususan-da sport neşirlerinde köp ýazylan habar boldy.

Messi bilen köp sanly toparlar gyzyklanma bildirdi. Ýöne ol Fransiýanyň “PSŽ” toparyny saýlap aldy. Şeýlelikde, 6 gezek “Ballon d’Or” baýragynyň eýesi Messi fransuz topary bilen 2+1 ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy.

Messi bu topara erkin agent hökmünde geçdi. Onuň “Barselona” topary bilen şertnamasy 30-njy iýunda tamamlanypdy. Habar berlişine görä, Messi bu toparynda her möwsüm üçin 35 million ýewro gazanar.

“PSŽ” TOPARY IŇ GÜÝÇLI FUTBOLÇYLARY HATARYNA GOŞDY

Şu möwsümde iň köp hem-de iň güýçli futbolçylary öz hataryna goşan ýeke-täk topar “PSŽ” diýsek hem ýalňyşmarys. Katarly işewür Nasser Al-Khelaifiniň ýolbaşçylygyndaky bu topar täze möwsümiň öňüsyrasynda düzümine Lionel Messi bilen bir hatarda ispan goragçy Serhio Ramosy, Italiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany hem-de Ýewropa çempionatynyň iň gowy futbolçysy saýlanan Janluiji Donnarummany, ýarymgoragçy Jorjinio Weýnaldumy, şeýle hem goragçy Aşraf Hakimini satyn aldy.

MESSI: TÄZE FUTBOL KARÝERAMA BAŞLAÝARYN

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň resmi internet saýtyndaky habara görä, Messi täze futbol durmuşa barada gysgaça beýanat berdi. Leo Messi: “Pari-Sen-Žermen” toparynda karýeramyň täze bölümini başlamaga begenýärin. Topar meniň futbol isleglerime laýyk gelýär. Topara we onuň janköýerlerine täze bir aýratynlyk bilen kömek bermegi isleýärin. “Park-de Prens” stadionyna çykmagy sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip belledi.

 

Messi resmi taýdan “PSŽ” toparyna geçýär

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi