Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew Moskow oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin we bu federasiýanyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen iş duşuşyklaryny geçirdi.
Taraplar küştüň ösdürilmegi ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, bilelikdäki ýaryşlary, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge hem-de tälimçileriň we türgenleriň arasynda tejribe alyşmaga gönükdirilen Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.
Sergeý Karýakiniň küşt klubyny Türkmenistanda açmak meselesine aýratyn üns berildi. Ýaş zehinleri taýýarlamak, ussatlyk sapaklaryny we halkara ýaryşlary geçirmek üçin meýdança boljak bu kluby açmagyň guramaçylyk taraplaryny işläp düzmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Şeýle hem özara gatnaşyklaryň beýleki ugurlary — çagalar we ýaşlar maksatnamalaryny ösdürmek, onlaýn-okadyş işleri we türkmen küştçüleriniň «Asian Chess League» tapgyrynyň ýaryşlaryna hem-de Russiýa Federasiýasynyň çägindäki beýleki ýaryşlara gatnaşmagy barada maslahatlaşyldy.
Saparowyň çäginde taraplar Moskow oblastynyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan «Russiýanyň küşt täji» (Rossiýskaýa şahmatnaýa korona) halkara festiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar. Ýaryşa 20 sany daşary ýurt wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň küştçileri gatnaşdy.
Sergeý Karýakin we Albert Minnullin Türkmenistanyň festiwalyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň arasynda iň köp wekilçilikli ýurt bolandygyny bellediler. Olar ilkinji gezek geçirilen bu ýaryşa beren uly goldawy we işjeň gatnaşandygy üçin ýurduň ýolbaşçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdiler.
Häzirki wagtda Sergeý Karýakiniň küşt klublary Astana, Bişkek, Duşanbe şäherlerinde, şeýle hem Wengriýa, Hindistan, Tailand, Çili ýaly onlarça beýleki ýurtlarda üstünlikli işleýär. Ýakyn wagtda klublaryň halkara toruny has-da giňeltmek, şol sanda Aşgabatda wekilhanasyny açmak meýilleşdirilýär.
Sergeý Karýakin — halkara grossmeýster, Russiýanyň at gazanan sport ussady, Dünýä kubogynyň eýesi, rapid we blis boýunça dünýä çempiony, dünýä küşt täjine dalaşgärdir. Ol sport karyerasyndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň senatory we Moskow oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti hökmünde işjeň jemgyýetçilik we döwlet işlerini alyp barýar, küştüň meşhurlygyny artdyrmak we ýaş türgenleri goldamak boýunça başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýär.
