AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Mary şäheriniň “Merw” topary Gyrgyzystanyň “Alaý” toparyndan 1:0 hasabynda üsyün çykdy. “Merwe” ýeňiş getiren topy duşuşygyň 13-nji minutynda Musa Nurnazarow öz adyna ýazdyrdy.
Şeýlelikde, Mary şäheriniň topary AFK-nyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldy. 22-nji awgustda geçiriljek duşuşykda “Merw” geçen möwsüm Täjigistanyň futbol çempionatyny üçünji orunda tamamlan “Hujand” topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk “Hujand” toparynyň stadionynda geçiriler.
Bu duşuşyklarda ýeňiş gazanan ýagdaýynda “Merw” topary AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik alar. Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr”, Täjigistanyň “Rawşan” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” toparlarynyň AFK-nyň Kubogynyň Merkezi Aziýa sebitinde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşigine gönümel gatnaşýandyklaryny bellemek gerek.
AFK-nyň Kubogy-2023/24-iň Merkezi Aziýa sebitindäki toparçalaýyn bäsleşigi şu ýylyň 20-nji sentýabry bilen 14-nji dekabry aralygynda geçiriler.
