SÖHBETDEŞLIK

Men Eneşiň aýdymlarynyň aşygy

Islendik käriň eýesi bol tapawudy ýok, kitap biziň hemmämiziň durmuşymyz bilen bagly. Muňa ýaş kitaphanaçy hökmünde has-da göz ýetirýärin. Iş ýerimizde köplenç dürli mazmundaky medeni çäreleri guraýarys. Agzybir kitaphana işgärleri bolup mekdeplerde, çagalar bagynda ýaş çagalaryň arasynda  medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar gurap, kitabyň durmuşymyza ýetirýän täsiri  hakynda gürrüň geçirýäris. Şol duşuşyklardaky gyzykly söhbetler mende diýseň uly täsir galdyrýar. Ýaş hünärmen hem ýaş ene bolamsoň, zähmet hem durmuş tejribämiň baýlaşmagynda uly mekdep bolýandygyna has-da göz ýetirýärin. Şonuň üçin sungat, döredijilik  işgärleri bilen duşuşyp olar bilen söhbetdeş bolup, olaryň täsirli gürrüňlerini okyjylara ýetiresim gelýär.

Şu maksat bilen  ýakynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň zehinli aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Eneş Rejepowa bilen iş ýerinde gürrüňdeş bolduk.

Ilkinji gezek söhbetdeşligimi Eneş Rejebowa bilen başlamagymyň öz sebäbi bar. Men onuň aýdymlarynyň aşygy. Kiçiligimden bäri aýdymlaryny gowy görüp diňleýärin. Diňe men däl, halk köpçüligi bilen birlikde ejem, doganlarym hat-da daýzalarym ählimiz diýen ýaly onuň aýdymlarynyň muşdagy. Şol sebäpli Eneş Rejepowa bilen duşuşmak, söhbetdeş bolmak arzuwymy ýaşlygymdan ýüregimiň töründe göterip ýörün.

Ýakynda Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň döredilmeginiň 90 ýyllyk ýubileýi mynasybetli  “Çaglara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek” atly maslahat geçirildi. Maslahata  dürli ugurlarda işleýan işgärler gatnaşdylar.  Kitaphanamyza sungat wekilleriniň uly toparynyň jemlenmegi kalbymdaky çagalyk arzuwymy amal etmäge itergi berdi. Onsoň sorap-idäp Eneş Rejepowanyň telefon belgisini tapdym. Onuň bilen jaňlaşyp, pikirimi aýtdym. Ol aýdymlaryna siňen näzikden mylaýym mähirli sesi bilen “Geliberiň, arkaýyn” diýdi. Şeýlelik bilen türkmen estradasynyň ýyldyzy Eneş Rejebowa bilen duşuşdyk. Özümi gyzyklandyrýan sowallaryma ol ýekän-ýekän jogap berdi.

Ilki bilen “Siz haçan aýdym aýdyp başladyňyz?” diýip soradym. Ol mähir bilen ýylgyryp:

– Siziň bu soragyňyz çagalyk dünýämdäki ýatlamalary ýadyma saldy – diýip, gürrüňe başlady. – Kiçilikden aýdymy gowy görýärdim. Maşgala agzalarymyzyň ählisi işe, okuwa çykyp giderdiler. Men bolsa öýmüziň içki otaglarynyň birine geçip, çüýşe açylýan agaç saply açgyjy hamana mikrofon ýaly elime alyp, bilýän aýdymlarymyň barysyny gara suw bolup aýdardym. Mekdebe baranymdan soň kiçiräk gurnaklara gatnaşyp, geçirilýän her bir çärede aýdym aýdyp başladym. Bilmedim aýdymy gowy görsemde, orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetine okuwa girdim. Aslynda aýdym aýtmagy gowy görsem-de lukman bolmak arzuwym bardy, ýöne lukmançylyk käriniň hirurgiýa bilen baglydygyny eşidip, ýuka ýürekli bolamsoň bu höwesimden el çekdim. Uniwersitete okuwa girenimden soň, ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilýän estrada aýdymçylaryň bäsleşiklerine gatnaşyp, birnäçe gezek ýeňiji boldum. Şanly senelere bagyşlanyp geçirilýän konsertlerde-de  çykyş edýärdim — diýdi.

     Oňa – Siziň aýdymçy bolmak islegiňizde maşgalaňyzda garşylyk bildiren boldumy? –  diýip ikinji sowalym bilen ýüzlendim.

– Ýok, hiç kim garşy bolmady. Kakam, doganlarym dutar, gyjak, dep, akkordeon çalyp, aýdym aýdýardylar, menem çaga wagtlarym olaryň ýanynda goşulyp aýdym aýdardym. Esasanam Maýa atly doganym meniň aýdymçy bolmagymy goldady. Uniwersitetde okaýarkam bir ýigit saz çalýardy menem aýdym aýdardym. Ol: – maňa  durmuşa çykýançaň aýdyber soň aýdymyňy goýmaly bolarsyň, ýaşulylar rugsat bermezler – diýdi.  Goýmaly bolsam häzirden başlaýyn. Soň goýup bilmen. Aýdym-saz diýen sungat şeýle bir özüne çekýär welin ondan aýrylmak gaty kyn zat. Nähili kynam bolsa aýdym-sazy taşlap, durmuşa çykdym.

Metbugat sahypalarynda  siziň ýarawsyzlygyňyz hakynda ýazdylar. Men ol wagtlar mekdep okuwçysydym. Ejeme şol makalany okap berip gynanjymdan aglanym şu wagtam ýadymda. Birnäçe wagt geçensoň “Eneşiň  hassalykdan açylmagyna aýdym sebäp boldy. Dogany Maýa” diýip, metbugat sahypasyndan okanymda begenip ejeme: – Eje, gowy görýän aýdymçymyz Eneş Rjepowa sagalypdyr,  gutulypdyr. Ine diňle! – diýip okap berdim, diýenimden:

– Hawa men ikinji gyzym doglanda erbet ýaramadym, şol wagtlar agyr ýatdym. Kän gürläp bilemokdym. Gerek  bolan zady kagyza ýazyp berýärdim. Ýatyrkam  meni täsin bir zadyň erkime goýmaýanyny duýdum. Gulagyma aýdymyň owazy gelýärdi. Onsoň men kagyza “aýdym diňlediň” diýip ýazdym. Lukmanlar bu hatymy görüp haýran galmak bilen ýoldaşymdan sorapdyrlar. Olam meniň aýdym-sazy gowy görýänimi düşündiripdir. Şonda lukmanlar oňa: – “Näme isleýän bolsa ediň bu hassanyň gowulanmagyna peýda eder” diýipdirler. Şeýdibem kiçijek magnitofon getirip gulagyma aýdym diňletdiler, şolam meniň ýaşaýşa, aýdym-saza täzeden gelmegime sebäp boldy. Soň kem-kemden täze aýdymlar döredip aýdyp, halk köpçüligine ýetirip başladym. Halkyň içinde tanalamagyma, durmuşymda aýdymyň ykbalyma öwrülmegine belli sazanda Çary Hekimow itergi berdi.  Şeýdibem aýdym bilen ýaşap başladym – diýip, ylahy zehinli meşhur aýdymçy gürüň berdi. Onuň gyzykly gürrüňlerini diňläp söhbedimizi dowam etdik.

   – Döredijilik adamlarynyň köpüsi ýazýan goşgudyr, eserlerini käte öz durmuşyndan alýarlar. Aýdýan aýdymlaryňyz durmuşyňyz bilen baglymy?  “Läläm sen aglasaň aglaýar älem”, “Ýakdylar meni”  aýdymlaryňyz  kalbyňy sarsdyrýar – diýenimden, “şu soragyňyza häzir jogap bereýin” diýip, bir zady ýadyna salýan ýaly biraz dymdy-da, gürrüňini dowam etdi:

–  Kiçijekkäm “Keçpelek” kinofilmini görüpdim. Ol wagtlar çaga bolamsoň,  entek  gaýgynam bilemok, durmuşa-da düşünemok, ýöne şol kinony görenimde aýdymyny diňläp, gynanjymdan gijesi bilen aglap ýatypdym. Aýtjak bolýan zadym ýüregimiň ýukalygymy ýa-da bilemok näme sebäpden maňa gynançly zatlar ýiti täsir edýärdi. Ýogsa çagalygymdan hiç hili kynçylygy göremok, hudaýa şükür. Ejem-kakam, doganlarym, maşgalam hemme zat gül ýalydy. Elbetde, durmuşyň ajysam bar, süýjüsem. Ýarawsyzlykdan ýaşaýşa täzeden gelemsoňmy bilemok, maňa-da şu aýdymy düzüp berdiler. Menem halk köpçüligine ýetirdim. Şol aýdymyň sözlerini düzen adamyň ýürek agysy bilen aýtdym. Her bir goşgynyň içinde bir waka gürrüň berilýär. Men şony çyn ýüregimden halka ýetirmegi isledim. Ýarawsyzlykdan soň aýdym aýdanymda Çary Hekim neresse Eneş sen öňküdenem gowy aýdýarsyň. Bokurdakdan dem  alşyňam has gowy – diýdi. Şeýdibem aýdym bilen ýaşap başladym – diýip sözüne dyngy berdi.

     Iki gyzyňyz bar eken. Olaryň aýdym aýtmaga höwes bildireni barmy?

    – Maşgalam bilen tanyşdyraýyn. Aýdyşyňyz ýaly iki gyzym bar. Şasenem, Oguljan hem-de üç agtygym bar. Tüweleme, gyzlarymyň gowy maşgalasy bar. Elbetde, aýdym-sazy gowy görmeýän ýok, olar aýdym-sazy gowy görýärler, ýöne şol ugurdan gitmediler, emma agtyjaklarymyň aýdymçy bolmak höwesi bar.

Eneş gelneje, siziň ene hem aýdymçy hökmünde ýaşlarymyza berjek maslahatyňyz gyzykly. Hem-de boş wagtyňyz näme bilen meşgullanýarsyňyz gysgaça aýdaýsaňyz? –  diýip ýüzüne sowally nazarymy dikdim.

      – Boş wagtlarym telewizor görmegi, kitapdyr gazet-žurnallary okamagy, dynç günlerim gezelenç etmegi, adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy gowy görýärin. Ýaşlarymyza berjek maslahatym, bilimini iş tejribesini artdyrmak üçin köpräk kitap okasalar has peýdaly bolar. Käbir ýaşlaryň ululardan köp bilýändiris öýdýänlerem gabat gelýär. Elbetde, ähli zatlaryň özgermegi, ösmegi bilen ýaş neslimiz biziň ýaşlygymyz bilen deňeşdireniňde köp zady bilýärler, ýöne terbiýe meselesinde uluny sylamak, kiçä hormat goýmaklygy ündeýän. Ene – ata  seň üçin gijesini gündiz edip ömrüni balalaryna bagyşlaýar. Zenan hökmünde mähriban gyzlarymyza, nesihatym öz ene-atasy ýaly gelin bolup baran öýünde-de gaýyn enedir gaýyn atasyna türkmen zenanlaryna mahsus bolan ýygralyk, utanjaňlyk bilen hormat, sylag etmegini maslahat berýärin diýip pikirini aýtdy.

Aýdymçy zenan daşyndan göreniňde döwrebap görünse-de, türkmençilik däp-dessurlaryna berk ynanýan eken. Ol: – Islendik bir işde, her bir hereketiňde jogapkärçilik duýmagy başarsaňyz hiç wagt hiç ýerde ýalňyşlyk bolmaz — diýip düşündirdi. Şu sözlerden görşümiz ýaly jogapkärçiligi duýup hereket etmegiň özi hakykatdan hem oýlandyrýar. Umuman, durmuş hem zähmet tejribesi ýetik halypalary diňlemek meni juda pikirlendirýär.  Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa:

 Eneş gelneje türkmen halkymyza, muşdaklaryňyza ýakyn günlerde nähili aýdymlary ýetirmegi maksat edinýärsiňiz? — diýip sowal berdim.

   – Bagtly  durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlaryň üstünde işleýän. Edil şu günler Türkmenistanyň halk artisti Maral Durdyýewa bilen “Galaýyn”, “Özüňe” atly  duet aýdymlary  işleýäris. Nesip bolsa ýakyn wagtda halk köpçüligine ýetireris. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurt Baştutanlygynda gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, döretmäge işlemäge ähli mümkinçilikler bar! Goý, hemişe eziz Diýarymyzda, Arkadagly ýurdumyzda toýlar-toýa ulaşsyn! – diýip ýagşy dilegler bilen hoşlaşdyk.

Gülöwser Rahmanowa,

B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

 

Ýene-de okaň

Kerim Gurbannepesowyň päk söýgüsiniň kyssasy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

BAE-niň ilçisi: Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow: Watanyma we halkyma wekilçilik etmek ajaýyp duýgy

Ilçi Demirok: Türkiýe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýar

Ata Watan Eserleri

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt