SIZDEN GELENLER

Mekgejöwen barada…

Mekgejöwen hakyndaky gyzykly maglumatlar, ösdürilip ýetişdirilýän ösümlik barada has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Meksikada ýaşaýan astekler mekgejöwen ösdürip ýetişdirmek bilen işjeň meşgullanypdyrlar. Diňe nahar bişirmekde däl, eýsem senagatda hem ulanylýar.

Bu barada gyzykly maglumatlar:

  • Käbir maglumatlara görä mekgejöwen Ýer ýüzündäki çörek taýýarlamak üçin iň gadymy ösümlik hasaplanýar.
  • Ösümligiň boýy 3-4 metr beýiklige ýetip biler.
  • Mekgejöweniň kök ulgamy topraga 1,5 metre çenli aralaşýar.
  • Bir mekgejöweniň başynyň ortaça uzynlygy 4-50 sm, diametri 2-10 sm.
  • Bir mekgejöwen başynda takmynan 1000 däne bar. Gyzykly tarapy, däne sany hemişe jübütdir.
  • Mekgejöwen öndürmekde öňdebaryjy Amerikadyr. Bu ýurt her ýylda takmynan 50 million tonna önüm eksport edýär.
  • Mekgejöweniň başynyň ortaça agramy 30-500 gram aralygyndadyr.
  • Häzirki wagtda mekgejöweniň 1000-e golaý görnüşi bellidir.
  • Azyk pudagynda tohumdan başga-da, mekgejöwen ýapraklary we baldaklary hem ulanylýar.
  • Häzirki wagtda mekgejöwen Antarktidadan başga planetamyzyň ähli ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýär.
  • Ýewropalylar mekgejöwen bilen meşhur syýahatçy Kristofer Kolumbyň bu ösümligi Ýewropa getirmegi bilen tanyşdylar.
  • Mekgejöwen sarp etmekde öňdebaryjy Meksikanyň ýaşaýjylarydyr. Orta hasap bilen her meksikaly ýylda 90 kg töweregi mekgejöwen iýýär.
  • Mekgejöwen satuwda dünýäde (bugdaýdan soň) 2-nji ýeri eýeleýär.
  • Mekgejöwen belogynda adam bedeni üçin zerur bolan köp sanly aminokislotalar bar.
  • Tohumlarynda Mendeleýew tablisasyndan 24 element bardyr.

Halnazar Jumanazarow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.

 

 

Täze kitap taryha şöhle saçýar

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty