MEDENIÝET

Megan Marklyň kitabyna uly gyzyklanma

Megan Marklyň çapdan çykan “The Bench” (Skameýka) atly çagalar kitaby ilkinji günden Beýik Britaniýada iň köp satylan kitap boldy. Şazada Garriniň aýaly 39 ýaşyndaky Megan Marklyň täze kitaby uly gyzyklanma döretdi.

Onuň bu kitaby “Amazon” kompaniýasy tarapyndan 5 ballyk ölçegde 4 ball almagy başardy. Amerikaly suratkeş Kristian Robinsonyň çeken suratlary bilen bezelen bu kitapda enäniň gözünde kaka bilen ogluň gatnaşyklary suratlandyrylýar.

Mundan başga-da, ozal Şazada Garri we onuň aýaly Megan Markl «Erkinligi tapmak» atly kitabyny hem ýazypdy. Bu kitap jübütleriň gelen kararlary we täze gadam basan durmuşlary barada gürrüň berýär.

 

 

Ginnesiň rekordy: 10 çaga dünýä inderdi

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty