JEMGYÝET

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Bu ýyl Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde geçirilýändigi bolsa busanjymyza buýsanç goşýar.

Guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsi bolan Arkadag şäheri dünýäniň iň döwrebäp şäherleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän bu döwrebap şäherde ýokary derejeli çäreleriň, baýramçylyklaryň yzygiderli geçirilmegi täze şäheriň barha gülläp ösýändigini äşgär edýär. Bu ajaýyp şäherde halkymyzyň milli ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi bolsa şöhratly geçmişimiz bilen bagtyýar şu günümizi hem-de ýagty geljegimizi özboluşly sazlaşdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem belleýşi ýaly, Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam, aýdym-saz, teatr, kino sungatyny ösdürmäge, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna, türkmen edebiýatynyň kämil eserler bilen baýlaşmagyna mümkinçilik döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen taryhynyň galyň kitabyny ýene altyn harplar bilen bezäp, türkmen medeniýetini hem sungatyny dünýä ýaýar.

Hormatly Prezidentimiziň: “Hormatly Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, halkymyza hem-de Watanymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelen Arkadag şäheri bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, sazlaşykly ösüşleriň şäheridir. Arkadag şäheri dana Pyragynyň dürdäne şygyrlarynda arzuw eden döwlet berkararlygynyň, il agzybirliginiň nusgalyk şäheridir” diýen çuň manyly jümleleri bilen at-owazasy dünýä dolan Arkadag şäherinde başlanan Medeniýet hepdeliginiň uly şatlyk-şowhuna beslenip, ýatdan çykmajak toýlaryň birine öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi