Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde sungatyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän çäreler, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça maslahatlar hem duşuşyklar geçirilýär. Bu hepdeligiň şu ýyl ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn buýsançlydyr. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, iň kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly «akylly şäher» maksatnamasyna laýyklykda guruldy.
Bu gün Arkadag şäheriniň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň ýokary sylaglaryna eýe bolmagy bu ajaýyp şäheriň ekologiki we şäher gurluşygy, binagärçiligi hem-de kämil ýaşaýşy üpjün etmek boýunça halkara talaplaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşamaga, işlemäge ýokary şertler döredilen Arkadag şäherinde medeni çäreleri geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy biziň üçin buýsançlydyr. Medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlarymyzyň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär. «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetiniň juda ýokarydygyny nygtaýar.
Medeniýet ulgamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi bolup durýar.
Her ýyl ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň döredijilikli zähmetini mynasyp bahalandyrmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky döredijilik bäsleşigi, «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!», «Talyp gözeli», «Ýylyň zenany», «Ýylyň mugallymy», «Ýylyň terbiýeçisi», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» ýaly bäsleşikler, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän ylmy bäsleşik, şeýle hem aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara gowşurylýan Gulbaba baýragy, okuwda, zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesinden gelip çykýan aýdyň maksatlary kämil sungat hem-de döredijilik eserleri, aýdym-sazlar we beýleki medeni çäreler arkaly çeper wasp etmek, halkymyzy giň gerimli işlere ruhlandyrmak medeniýet we sungat işgärleriniň mukaddes borjudyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yzygiderli geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. Şonuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeliginde guralýan joşgunly çykyşlary bagtyýar durmuşymyzyň belent waspy bolup ýaňlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz taryhymyzy we däp-dessurlarymyzy, örän baý medeni mirasymyzy, sungatymyzy, edebiýatymyzy öwrenmekde, olary gorap saklamakda hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly alada edýär. Bu hakynda aýdanymyzda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny aýratyn bellemek gerek. Çünki bu ajaýyp kitapda milli medeniýetimiziň iň gadymy nusgalary, şöhratly taryhymyzyň öwrenilişi çuňňur paýhas bilen beýan edilýär.
Ata Watanymyzyň baý medeniýetini öwrenmek hem-de dünýäde wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Gunça Ataýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň şekillendiriş sungaty mugallymy.