SÖHBETDEŞLIK

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Ynsanyň ruhy taýdan seýislenmeginde aýdym-saz sungatynyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Durmuşdan üzňe bolman bir ugur, hünär, kär bilen öz isleglerini we il-günüň isleglerini kanagatlandyrmaga ymtylmak ynsan häsiýetleriniň ajaýybydyr. Ruhy taýdan goldaw berýän sungat eserleri öňem, häzirem ünsden düşmeýär. Şonuň üçin kämillige ýeten sungat eserleri adamzadyň aňynda, pikirinde ýaşaýar. Ony ýaşadýan şol eserleriň awtorlary bolsa halk arasynda mydama sylag-hormatdan peýdalanýarlar.

Döwrümiziň ýaş aýdymçy-sazandalary hem şeýle ynsanlaryň sungat ýoluny özlerine hemra edinip, mynasyp sungat adamsy bolmaga, türkmen döredijilik ýoluny öz zehin-başarnyklarynda görkezmäge çalyşýarlar.

Şeýle ýaşlaryň biri-de M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyp zenany Maýsa Myradowa.

Maýsa Sizi  «Atawatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň elektron saýtynda hoş gördük. Mahmal owazyňyzyň ýaňy biziň döredijilik toparymyzy biparh goýmady. Tele we radio ýaýlymlarda, baýramçylyk dabaralarynda ýaňlanýan aýdymlaryňyz bizi Siz bilen söhbetdeş bolmaga höweslendirdi. Çakylygymyzy kabul edip geleniňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys.

  • Maýsa, ilki bilen söhbetimizi sungat ýolundaky ilkinji basgançaklaryňyz dogrusynda başlaýaly.

― Men 6 ýaşymdan bäri aýdym aýdýaryn. Sungat ynsany kiçiliginden özüne çekýän bolmaly, çagalygymdan aýdym-saza bolan höwesim meniň kiçi we uly sahnalarda çykyş etmegime sebäp boldy. Aýdym aýtmak duýgusynyň mende döräli bäri adaty gezim ýa-da iş edenimde-de halaýan ýa-da eşidýän aýdymlaryma hiňlenýän boldum. Bu adat meni aýdym-saz älemine has-da ýakynlaşdyrdy.

  • Halypa-şägirt ýoly her bir hünärmeniň ýa-da her kärdäki ynsanyň suwsyzlygyny gandyrmak mysaly bir zatmyka diýýän.

― Elbetde, islendik käri saýlan ynsan bir duran ýerinde durmazlygy gerek. Täzeçillik, gözlegde bolmak, kämilleşmek döredijilik adamyna mahsus häsiýet. Şonuň üçin kämil kärli bolmakda her bir ýaş hünärmeniň halypalar bilen işleşmegi, düşünmedik zadyny soramagy hökmandyr.

Käte uly sungat adamlary bilen bile duşuşanymyzda ilki bilen halypaň kim, halypa gördüňmi diýen sowallara köp duş gelýäris.

Halypalaryň wajyplygy kämilleşmek we kemçilikleriň üstünde işlemek üçin gerek.

Meniň halyplarym Güljemal Gurbangulyýewa, Sahydursun Hojakowa.

  • Aýdymçy bolalyňyz bäri Sizde üýtgän häsiýet barmy?

 ― Üýtgän häsiýetim ýok.

  • Ilkinji aýdymyňyz haýsy we nirede ýerine ýetirdiňiz?

 ― Ilkinji ýerine ýetiren aýdymym täze ýyl aýdymy «Kim gelýär». 34-nji mekdepde 6 ýaşymda ýerine ýetirdim.

  • Aýdymçy sahna çykmazdan öň nämelere üns bermeli?

 ― Aýdymçy köpüň adamy. Oňa tomaşa edýän adamlar olardan geýinmegi, mylakatlylygy, köpçülik bilen aragatnaşygyny, tomaşaçyny özüne baglap bilşine üns berip öwrenýärler. Şonuň üçin aýdymçy sahna çykmazdan öň geýim-gejimine, aýtjak aýdymynyň manysyna we etjek hereketlerine ünsli bolmaly.

  • Talyp durmuşynyň gyzygy nämede?

― Talyp durmuşy özboluşly bir gyzykly, täsin dünýä. Täze tanyşlyklar, täze şäher, umumy ýaşaýyş jaýy, ol ýerdäki tertip-düzgünler.  Talyp adyna eýe bolmagyň özi üýtgeşik duýgy. Halypalar bilen duşuşyklar, olaryň ençe ýyllyk tejribelerinden gürrüň berýän wakalaryny diňlemek bularyň ählisi aýratyn gyzykly.

  • Döredijilik adamsyna mahsus häsiýetler.

 ― Döredijilik adamsyna esasy ünslülik zerurmyka diýýän. Çünki ähli babatda ünsli bolmak, geýnişiňe, gürlejek gürrüňiňe, köpçülikde özüňi alyp barşyňa, döredijiligiň mazmunyna umuman ähli babatda bu häsiýet döredijilik adamsyna hemra bolmaly diýip pikir edýärin.

  • Sungatda nämeden ylhamlanýarsyňyz?

 ― Sungatda ýakyn hossarlarymyň goldawyndan ylhamlanýaryn. Maşgala agzalarymyň edýän işimi goldamagy, olaryň meşgullanýan ugruma buýsanmagy meniň sungat ýolumdaky ylhamym.

  • Maşgala durmuşynyň manysy näme?

 ― Maşgala durmuşynyň manysy agzybirlikde, maşgalaňa bolan söýgüde we her bir öýüň bezegi, guwanjy bolan perzentde. Ynsan ömrüniň manyly günlerini esasan maşgala abadançylygynda geçirýär. Maşgala bu her ynsanyň ömür boýy döreden gymmatlygy. Mukaddes ojak, agzybir maşgala, dowamatly gujak, çagalaryň mähirli ýylgyrşyndan zyýada durmuş manysy bolmasa gerek.

  • Maşgalanyň agzybirligi üçin wajyp zatlar.

 ― Maşgalanyň agzybirligi geçirimlilikde diýip pikir edýärin. Geçirimlilik häsiýet bu zenanlara has mynasyp. Maşgala ojagyň iki sütüni bolan erkek we aýalyň birek-birege bolan ynamy, söýgüsi, düşünişmegi şol ojagyň berk binýady bolup hyzmat edýär. Geçirimlilik häsiýeti bolsa binýadyň mizemezligini üpjün edýär.

  • Jora we dost tutunmak düşünjesine garaýşyňyz.

  Jora ýa-da dost ynsanyň ýakyn ynamly adamy hasaplanylýar. Birek-birek bilen syrdaş, birek-birege maslahatçy, gürrüňdeş bolmak, ýardam bermek. Jora ýa-da dost bolmak ynsanyň agyryny ýeňilleşdirdirýär. Dost, jora meňzeş häsiýetli ynsanlar bolup biler.

  • Adamzady bezeýän 3 häsiýet.

 ― Adamzady bezeýän häsiýetler:

  1. Adamkärçilik.
  2. Pes göwünlilik.
  3. Güler ýüzlülik.
  • Watansöýüjilik hakynda pikirleriňiz.

 ― Watansöýüjilik häsiýeti her bir ynsanyň kalbynyň tugy. Watana bolan söýgi onuň halkyna, ata-babasyna, ene-atasyna, maşgala ojagyna, perzentlerine, dost-ýaryna, kärine bolan söýgüsiniň binýady.

Watansöýüjilik özümiziň türkmenligimize bolan buýsanç.

  • Saýdymyzyň haýsy sahypasyny has gowy görýärsiň?

 ― Saýdyňyzyň ähli sahypalary özboluşly täsin, täzelikler, gyzykly maglumatlar bar. Ählisini-de gowy gördüm, esasanda «Seniň täleýnamaň» sahypasyny gowy gördüm.

  • Geljekki maksatlaryňyz.

  Geljege bolan ynam ynsanyň maksadaokgunly ýaşamagyna mümkinçilik döredýär. Geljekdäki maksatlarym täze we halypalardan miras galan halk aýdymlaryny ýerine ýetirip halkymyza, hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize mynasyp döredijilik ynsany bolmak. Watanymyzy, mähriban käbelerimizi, adamyň ruhy güýji söýgüni, döwrümizi wasp edýän täze aýdymlarym bilen muşdaklarymy begendirmegi öňümde maksat edip goýýaryn.

Şahsy maglumatlary.

Doglan senesi: 12.02.2000ý

Doglan ýeri: Mary welaýatynyň, Sakarçäge etrabynyň Gumguzar geňeşligi.

2007-nji ýylda Sakarçäge etrabynyň 34-nji orta mekdebine 1-nji synpa okuwa barýar.

2012-2017-nji ýyllar aralygynda çagalar sungat mekdebinde okaýar.

2015-nji ýylda «Meniň sesim» telebäsleşikde III orun.

2020-nji ýylda «Ýaňlan Diýarym» telebäsleşiginiň ýeňijisi. Ýerine ýetiren aýdymy türkmen halk aýdymy «Näzliniň».

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň gurnamagynda geçirilýän «Ýaşlar baýragynyň» eýesi.

2021-nji ýylda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby boldy, häzirki wagtda şol ýokary okuw mekdebiniň II ýyl talyby.

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

  

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda