TESWIRLER

“Mawy Altyn” we “Gara Altyn”: Ýaşyl Altynyň sarp edilişi

Dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň möçberiniň öňümizdäki 30 ýylyň dowamynda ýyllyk ortaça 0,7 göterim ösüş bilen jemi 24 göterim artmagyna garaşylýar. Bu barada Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň( GECF) her ýyl neşir edilýän “GECF Global Gas Outlook 2050” maglumatnamasynyň 5-nji goýberilişinde bellenip geçilýär.

Maglumatnamada bellenişine görä,  2019-nji ýylda dünýäde sarp edilen energiýa serişdeleriniň möçberi 14 milliard 670 million tonna şertli nebite deň bolsa, bu görkeziniň 2050-nji ýylda 18 milliard 190 million tonna şertli nebite deň bolar diýip çaklanylýar.

Gazylyp alynýan energiýa serişdeleri ýakyn gelejekde öz ähmiýetini gorar. Häzirki döwürde sarp edýän energiýa serişdeleriň 81 göterimi (11 milliard 942 milliard tonna şertli nebit) gazylyp alynýan energiýa serişdeleri (nebit, gaz, kömür..) bolsa, 2050-nji ýylda bu görkezijiniň 71 göterime (12 milliard 926 million tonna şertli nebit) çenli peselmegine garaşylýar . Ýagny, gazylyp alynýan energiýa serişdeleriň möçberi artýan bolsa hem, göterim babatynda  azalýar.

20-nji asyryň esasy ýangyç serişdesi bolan Nebit (gara altyn) öz ähmiýetini gelejekde hem gorar. Şonda, häzirki döwürde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 32 göterimi nebit bolsa, bu görkeziji 2050-nji ýylda 27 göterime çenli azalar. 21-nji asyryň esasy ýangyç serişdesi bolan tebigy gazyň (mawy altyn) görkezijileri bolsa, degişli döwürlerde 23 göterimden 28 göterime çenli artar. Şeýlelikde, “mawy altyn”, dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleri arasynda iň köp sarp edilýän energiýa serişdesi bolar. Bu döwürde kömrüň paýy 26 göterimden 16 göterime çenli peselse, alternatiw energiýa serişdeleriniň (ýaşyl altyn) paýy 2 göterimden 10 göterime çenli örän ýokary derejede artar.

Mawy Altyn : Gelejegiň esasy ýangyç serişdesi

Mawy altynyň  sarp edilişi 2050-nji ýyla çenli her ýy ortaça 1,3 göterim artmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, häzirki döwürde her ýyl ortaça 3 milliard 370 million tonna şertli nebit möçberinde  tebigy gaz sarp edilýän bolsa bu görkeziji 2050-nji ýylda 5 milliard 60 million tonna şertli nebite  barabar bolar. Ýagny, tebigy gazyň artyşy ýakyn gelejekde 1 milliard 690 million tonna şertli nebite barabar bolar. Bu bolsa, ýakyn geljekde artjak 3,5 milliard tonna energiýa serişdeleriniň 48 göteriminiň tebigy gazyň paýyna degişli boljakdygyny görkezýär. Bellemeli zat, Türkmenistan dünýäniň iň esasy tebigy gaz ýurdydyr.

Gara Altyn: Ähmiýetini gorar, emma, ikinji orna peseler

Agzalan döwürde  nebitiň sarp edilişi jemi 162 milliard tonna artar. Ýagny, häzirki döwürde dünýäde her ýyl 4 milliard  728 million tonna nebit sarp edilýän bolsa, bu görkeziji 2050-nji ýyla çenli her ýyl ortaça 0,7 göterim, jemi bolsa 3 göterim artyp,  4 milliard 890 million tonna barabar bolmagyna garaşylýar.

Kömrüň sarp edilişi bolsa dünýäde ýokary derejede azalmagyna garaşylýar. Degişli döwürde kömrüň sarp edilişi her ýyl ortaça 0,8 göterim, jemi bolsa 22 göterim azalyp,  3 milliard 844 million tonnadan 2 milliard 990 million tonna çenli peselmegine garaşylýar. Başgaça aýdamyzda, 2050-nji ýylda sarp edilýän kömrüň möçberi häzirkisinden 854 million tonna az bolar.

Ýaşyl Altyn: Paýyny iň köp artdyrýan energiýa serişdeleri

Alternatiw energiýa serişdeleri ( Ýel, Gün energiýasy, geotermal we ş.m) ýakyn geljekde öz paýny artdyran iň esasy energiýa serişdesi bolar. Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, häzirki döwürde dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň bary ýogy 2 göterimi alternatiw energiýa çeşmeleriniň paýyna degişli bolsa, bu görkeziji ýene 30 ýyldan 5 esse artdyp 10 energiýa göterime çenli çykar. Şonda, eger 2019-nji ýylda dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 329 million tonnasy bu energiýa çeşmeleriniň paýyna degişli bolsa, 2050-nji ýyla çenli her ýyl ortaça 5,7 göterim jemi bolsa 465 göterim artyp  1 milliard 858 million tonna barabar bolsa gerek. Bellemeli zat, ýakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

GECF :”Mawy altyn” iň köp sarp edilýän energiýa serişdesi bolar

Dünýäniň ilaty we ykdysady ösüş: 2050-nji ýyl

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri