Hormatly Prezidentimiziň: «Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýen parasatly jümlesi ajaýyp döwrümizde kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek aladasyny döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp wezipesi edip öňümizde goýmaga esas bolýar.
Maşgala jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýar. Adamyň durmuş ýolunda, geljekde öz ornuny tapmak meselesinde maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň çäkli ömründe berk maşgala gurup, agzybirlikde, söýüp, söýlüp ýaşamagy durmuşyň manysy diýsek hem ýalňyşmarys.
Maşgala — keramatly, mukaddes ojak. Maşgala — adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan adamlaryň şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydygy barada Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde bellenilýär.
Maşgala gurmak adamyň durmuşynda esasy meseleleriň biri. Ony gurmakdan öňürti maşgalada agzybirligi, birek-birege hormat-sylagly gatnaşyklary saklap bilmegiň hakynda oýlanmak zerurdyr. Sebäbi, maşgala kadasy muny berk talap edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň, mukaddesligiň ojagy hasaplanylýar. Maşgalada adam şahsyýet hökmünde kemala gelýär, birek-biregi hormatlamagy, gymmatyny bilmegi we söýmegi öwrenýär, däp-dessurlara akyl ýetirýär.
Maşgala daşky howplardan gorag gurşawyny döredýär we onuň ähli agzalary, zenanlar we erkekler, çagalar we garrylar üçin geljege bolan umyt berýär. Bagtly maşgala bolsa bagtyýar we üstünlikli döwleti emele getirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitaby Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň göreldeli ömrüne, perzent terbiýesine, ile-güne bolan mährem garaýyşlaryna, galyberse-de, tutuş türkmen zenanlarynyň durmuşyna, ýurdumyzyň enelerine bagyşlanan ajaýyp eserdir.
Terbiýe diýlip, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine milli we umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary hem-de özüňi alyp barmagyň türkmen jemgyýetinde kabul edilen düzgünleri we kadalary esasynda şahsyýetiň ösmegine we kämilleşmegine gönükdirilen işe düşünilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerimiz üçin ündeýän parasatly sözlerine eýerip, özümizde jemlän terbiýe mekdebimizi geljekki nesillere miras goýup, kanunlarymyzy pugta berjaý etmelidiris. Geçmişe göz aýlasak, nesil terbiýesi barada ata-babalarymyz köp işleri alyp barypdyr. Gorkut atamyzyň «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz», «Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan, dogmadygy ýeg» diýen parasatly sözleri türkmen maşgalasynda terbiýeçilik mekdebine öwrüldi.
Banu Işçanowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.