JEMGYÝET

Mäş bilen noýbadan güldan

Italiýaly alymlar plastiki gaplary öndürmekde nebitiň ornunyny noýbadyr mäş bilen çalyşdylar. Düzüminde protein bolan bu önümler ilki işlenilýär, soňra-da plastik gaplara öwrülýär.

Bu toparda işlän Elenora Umilýa atly alym bu täze önümçilik barada düşündiriş berdi. Onuň aýtmagyna görä, ilki bilen noýbadyr mäşiň düzümindäki proteinler işjeň ýagdaýa getirilýär. Soňra olaryň düzümindäki suwuk we gaty bölekler biri-birinden aýrylýar. Alnan gurluşlaryň her haýsy bir önümçilikde ulanylýar.

Bu oýlap tapyş, elbetde, ekologiýany goramak babatda hem ähmiýetlidir. Alymlar noýbadyr mäş galyndylaryny zibile taşmalazlygy maslahat berýärler. Olardan arassa we berk plastik gaplary öndürip boljak. Ikinjiden bolsa, bu önümçilik nebitiň ulanylyşyny azaldar.

Italiýada şeýle usul bilen ilkinji tapgyrlarda plastik güldanlar öndürildi. Ýöne önümçiligiň gerimini geljekde has-da giňeldip bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi