JEMGYÝET

Mary welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Ýurdumyzyň  döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlisde  garalan Mary welaýaty boýunça teklipleri Size ýetirýäris.

Mary welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler:

  1. Welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Oguzhan, Serhetabat etraplaryny ýatyrmak,
  2. Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherini, Döwletli zaman, Parahat şäherçelerini, Altyn zaman, Aýhan, Daghan, Gökhan, Günhan, Merdana, Ýyldyzhan geňeşliklerini Sakarçäge etrabynyň düzümine geçirmek;
  3. Deňizhan, Oguzhan şäherçelerini, Deňizhan, Dostluk geňeşliklerini Murgap etrabynyň düzümine geçirmek;
  4. Serhetabat etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Tagtabazar etrabynyň düzümine geçirmek teklip edilýär.
  5. Şeýle hem iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Baýramaly etrabynyň Şapak geňeşligini ýatyryp, onuň Türkmenistan obasyny Azat geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  6. Murgap etrabynyň Birleşik geňeşligini ýatyryp, onuň Birleşik obasyny Suhty geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  7. Suhtyýap geňeşligini ýatyryp, onuň Suhtyýap obasyny Gatyýap geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  8. Oguzhan etrabynyň Aýhan, Daghan, Günhan geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Aýhan, Daghan we Günhan obalaryny Gökhan geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  9. Mary etrabynyň Parahat geňeşligini ýatyryp, onuň Akgoňur obasyny Abadanlyk geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  10. Milli goşun geňeşligini ýatyryp, onuň Mawyteber obasyny Gyzylgum geňeşliginiň düzümine hem-de Gurtzäkir obasyny A.Mämmedowa adyndaky geňeşligiň düzümine geçirmek;
  11. Mülkburkaz geňeşligini ýatyryp, onuň Mülkburkaz, Soltanyz we Ýolly obalaryny Mary şäherine birleşdirmek;
  12. Wekilbazar etrabynyň Mary şäherine ýanaşyk ýerleriniň bir bölegini Mary şäherine bermek teklip edilýär.
  13. Käbir obalaryň ýanaşyk şäherlere we obalara birigen bölegini birleşdirmek bilen, Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşliginiň Täzebirleşik obasyny Kemine obasyna birleşdirmek;
  14. Soltanýap geňeşliginiň Sarygoba obasyny Ýyldyz obasyna birleşdirmek;
  15. Ýolöten etrabynyň Baýraç geňeşliginiň Garaboragan, Sytdyh obalaryny bu geňeşligiň edara ediş merkezi bolan Janybek obasyna birleşdirmek;
  16. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýolöten ylmy-önümçilik synag merkeziniň ýaşaýyş jaý toplumyny Ýolöten şäherine birleşdirmek;
  17. Hakykat geňeşliginiň Gyzylýap obasyny Hakykat obasyna birleşdirmek;
  18. Soltanbent geňeşliginiň Täzedaýhan we Gyzyl obalaryny, degişlilikde, Dostluk obasyna hem-de Soltanbent obasyna birleşdirmek, Mary we Tagtabazar etraplarynda ýörite ýer gaznalarynyň çäginde dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermek hem-de olara Aköýli, Akgaýa atlaryny dakmak teklip edilýär.
  19. Etraplaryň birleşdirilmegi netijesinde bir etrabyň çäginde atlary gabat gelýän birmeňzeş atly obalaryň emele gelýändigi sebäpli, Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagçylyk adyny dakmak teklip edilýär.

Şeýlelikde, Baýramaly, Garagum, Mary, Murgap, Sakarçäge, Türkmengala, Tagtabazar, Wekilbazar we Ýolöten etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, etraplaryň 6-syndaky şäherleri, 14 şäherçäni, 134 sany geňeşligi we 321 obany Mary welaýatynyň çäginde galdyrmak kararyna gelindi.

 

Lebap welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

 

Daşoguz welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri