JEMGYÝET

Marmaraý gatnawlary kämilleşdirilýär

Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Jahit Turhan Stambuldaky deňziň aşagyndan geçirilen “Marmaraý” demir ýol gatnawlaryny kämilleşdirmek babatda edilýän işler barada maglumat berdi. Türkiýäniň Demir ýol gatnawlary baş müdirligi Zeytinburnu bilen Söğütlüçeşme aralygyndaky gatnawlaryň Maltepe çenli uzaldylandygyny mälim etdi. 2-nji martdan başlap, bu ugurdaky gatnawlar ýola goýuldy.

Ministriň bellemegine görä, 2013-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ulanmaga berlen “Marmaraý” gatnawy ýurduň raýatlary tarapyndan giňden ulanylýar. Raýatlaryň uly islegini kanagatlandyrmak maksady bilen gatnaw ugrunyň artdyrylandygy mälim edildi.

Häzirki wagtda Marmaraýda günde 450 müňden 500 müňe çenli ýolagçy gatnadylýar. Marmaraýda birleşdiriljek beýleki metro taslamalarynyň işe girizilmegi bilen bu görkeziji 1 milliondan geçer.

Stambul şäher ulag infrastrukturasynyň esasy diregi bolan Marmaraýa 5 metro liniýasyndan we 1 metrobus liniýasyndan geçip bolýar. Geljekde bu ugry hem giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Dünýä şäheri bolan Stambulyň taryhy we tebigy gurluşynyň saklanmagyna goşant goşýan Marmaraýyň durmuşa geçirilmegi bilen köprülerdäki ulag gatnawlary azaldy. Köprülerdäki gatnawlaryň 5,4 göterim azalmagy, gündelik ortaça 30 müň ulagyň gatnawynyň peselmegi bilen 229 müň tonna zäherli gaz zyňyndylarynyň öňüni almaga we 5 million dollarlyk zäherli gaz çykdajysynyň aradan aýrylmagyna mümkinçilik döretdi.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy