SPORT

Mariýa Şarapowa tennis bilen hoşlaşdy

Tennis boýunça «Uly tuwalga» ýaryşlarynyň 5 gezek çempiony russiýaly tennisçi Mariýa Şarapowa sport bilen hoşlaşdy. Mariýa Şarapowa sport durmuşynda 325 million dollar gazandy. Munuň 38 millionyny sport ýaryşlarynda galan bölegini bolsa öz telekeçilik işi hem-de hemaýatkärler bilen alyp baran işlerinden gazandy.

Bu zenan türgenleriň arasynda ikinji uly görkezijidir. Sportuň tennis ugry boýunça zenanlaryň arasynda iň köp gazanan Serena Uilýamsdyr. Onuň gazanjy 350 milliona deňdir.

Mariýa Şarapowa baradaky gürrüňe dowam edilende, ol 11 ýyl yzly-yzyna iň köp hak tölenýän türgenleriň biri boldy. Şarapowa bir tarapdan professional sport durmuşyny dowam etdirýän döwründe telekeçilik işleri bilen meşgullanyp başlady. Ol 2012-nji ýylda “Sugarpova” atly şokolad önümçiligine girişdi. 2019-njy ýyl boýunça bu önümçiligiň pul dolanyşygy 20 million dollara deň boldy.

1987-nji ýylda doglan Mariýa Şarapowa çagalyk döwründen başlap, sport bilen gyzyklanyp başlaýar. Ol 2003-nji ýylda uly ýaşly türgenleriň arasynda “Uly tuwalga” ýaryşlaryna gatnaşyp başlaýar. 36 WTA ýaryşlarynyň ýeňijisi bolan Mariýa Şarapowa 32 ýaşynda tennis bilen hoşlaşdy.

Ýene-de okaň

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler