SÖHBETDEŞLIK

Maral Annanurowa: “Ilkinji bolmak hemişe kyn”

Hormatly okyjylarymyz! Biziň “atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň bu gezekki myhmany “Akenmar” PR agentliginiň esaslandyryjysy, bloger Maral ANNANUROWA.

Maral, söhbetdeşlik etmek baradaky teklibimizi kabul edendigiňiz üçin Size minnetdarlyk bildirýäris. Geliň, söhbetdeşligimizi Siziň durmuş ýoluňyz hakda gürrüňden başlaýalyň.

-Mende kiçilikden kitap okamaga uly höwes bar. Ilkinji bilimimi “Gülruh” gyzlar gimnaziýasynda aldym. Şol ýerde esasy bazamy aldym. Küşt oýnamagy hem şol ýerde öwrendim. Iňlis, ispan dillerine höwesimem şol ýerde döredi. Garaz, meniň okan gimnaziýamyň beýleki mekdeplerden birnäçe tapawutlary bardy. Birinjiden, ol ýerde diňe gyzlar okaýardy. Ikinjiden, gimnaziýada mekdepdäki sapaklardan daşary sapaklaram berilýärdi. Meselem, etnografiýa, psihologiýa, küşt, horeografiýa, söweş sungaty ýaly. Soň men ol ýeri gutaryp, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebine okuwa girdim. Ol ýerde taryh bölümini tamamladym. Meniň ýöriteleşen hünärim taryhçy. Şonuň üçinem men taryhy juda gowy görýän. Taryhçy mugallym hökmünde mekdepde 2 ýyl işläp hem gördüm. Emma mugallymçylyk gaty jogapkärli kär. Menem jogapkärli adam, ýöne özüme jogap bermegi gowy görýän. Mekdepde bolsa giden çagalara jogap bermeli. Garaz, men mekdebiň jogapkärçiliginden çekinemsoň mugallymçylyk ugrundan gidesim gelmedi. Beýleki bir tarapdan, Meniň çagalara o dereje mährimem ýok. Käbir adamlarda çagalara öte söýgi bolýar. Mende şol söýgi ýok. Şonuň üçin men okuwymy dowam etdirmek niýetine geldim. Sebäbi mugallymçylyk men üçin däldi. Ýöne Aman Kekilowdaky berlen bilim gaty üýtgeşik. Ol ýerde men tertip-düzgüni öwrendim. Ondan soň men Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german fakultetine okuwa girdim. Ol ýerde iňlis dili boýunça terjimeçi we mugallym hünärinden bilim aldym. Bu ýere girenimde-de öz bilýän dilimden 5 ýyllap okasymam gelmedi başda. Sebäbi iňlis dilini instituta girmänkäm bilýärdim (dil okuw merkezinde öwrendim). Emma meniň öwrenesim gelýän ispan dili okuwa giren wagtymda bu ýerde ýokdy. Ispan dili institutda men okuwa girenimden 1 ýyl geçenden soň açyldy. Ýöne şonda-da men mugallymlar bilen gürleşip, bu dili ikinji dilim ýaly öwrendim. Ispan dilini institutda maňa öwreden Batyr mugallymdy. Institutyň gapdalynda instituta degişli dil merkezi bardy. Onsoň ispan dilini öwrenesi gelýänler şol ýere gatnap, öwrenip başladylar.

Ispan dilini näme üçin halaýarsyňyz?

Men aslynda ispan aýdymçysy Şakirany diňlemegi gowy görýän. Men şonuň ispan dilindäki aýdýan aýdymlaryny näme hakda aýdýandygyny bilmek isleýärdim. Şunlukda, men ispan dilini öwrenip başladym. Bu diliň aýratyn özüne mahsus aksenti, tony, sözleri bar. Meniň pikirimçe, hemme owadan sözler ispan dilinde bar. Men ispan dilini dünýäde iň owadan dil hasaplaýaryn.

Ýalňyşmaýan bolsam, bu ýyl Siz kino hem düşdüňiz. Täze ýyl baýramçylygynda Myrat Mollaýew 6 ogry öýde: Ejemiň arzuwy” atly kino çykarypdy. Siz şonda otrisatel gahrymany janlandyrypdyňyz…

– Elbetde, artist bolmagy köp kişi arzuw edýär. Menem şolaryň biri. Myrat Mollaýew hem meniň bu arzuwymy hasyl etdi. Elbetde, Myrat maňa diňe otrisatel rollar berýär. Emma men durmuşda kinodaky gahrymandan düýpli başgaça. Meni tanaýanlar maňa bu otrisatel keşbi nädip janlandyrandygyma haýran galandyklaryny aýdýarlar. Beýle diýsem, men beýle sypaýy hem däl. Emma mende birine ýamanlyk ediji niýet hem ýok. Öz gerek ýerinde maňa edilen ýamanlyga ýerinde jogap bermegi başarýan. Maňa degseler men sesimi çykaryp bilmän oturýan adamlardan däl. Men hökman yzyna jogap gaýtarýan. Men beýle etmek bilen özümi gorap bilýändigimi görkezjek bolýan.

Onda biz “Akenmar” Siziň durmuşyňyzda uly öwrüm boldy diýip aýdyp bileris…

Elbetde, men durmuşymy “Akenmardan öň” we “Akenmardan” soň diýip bölýärin. Men ozallar ýeke işlemegi halaýardym. Emma “Akenmary” açanymyzdan soň toparlaýyn işlemegi öwrendim.

Akenmaryň” edýän işi barada gysgaça aýdyp beräýseňiz…

Ilkinji nobatda, “Akenmary” esaslandyryjylaryň biri bolmak meniň üçin uly bagt we dereje. “Akenmar” PR agentligi esasy 3 iş bilen meşgullanýar: çäreleri, dabaralary gurnaýar; belli bir harydyň, biznesiň ýaýramagyna, ösmegine, ony  mahabatlandyrmaga ýardam edýär; žurnal (“Bärde.biz” žurnaly) çykarýar.

Talap nähili?

Talaplar kän. Bize ýüz tutmak üçin biziň edýän talaplarymyzam kän däl. Birinjiden, resminamalaryň düzüw bolmaly. Ikinjiden, töleg ýagdaýy. Şu wagta çenli bize Dubaýdan, Moskwadan, Türkiýeden sargyt edenler boldy. Ýurdumyzdan 5 welaýatdan hem talaplar gelip gowuşýar.

Siziň özüňiz häzir “Akenmarda” näme wezipäni ýerine ýetirýärsiňiz?

Men ozal “Akenmarda” hem esaslandyryjylaryň biridim, hem ýolbaşçydym, hem blogerdim. Ýöne meniň başga taslamalarymyň köpelmegi sebäpli agentligiň ýolbaşçylygyny Ramilýa berdik. Şu wagt men “Akenmaryň” esaslandyryjylarynyň biri we blogeri.

Internetde nähili zatlar bilen meşgullanýarsyňyz?

– Men 2013-nji ýylda bloger boldum. Türkmenistanda ilkinji bloger bolanlaryň hatarynda. Internetde öz durmuşymda edýän zatlarymy paýlaşýan. Garaz, üýtgeşik zatlar edýän. Internetde-de üýtgeşik zat görsem şonuň bilen gyzyklanyp başlaýan.

Beýleki blogerleriň mahabatlaryna Siziň garaýşyňyz nähili?

Elbetde, häzirki wagtda blogerlerem gün-günden artýar. Her blogeriň özüne mahsus mahabatlandyrmasy bar. Hiç bir blogeriň mahabatyny gowy ýa gowy däl diýip bolanok. Bize telekeçiler ýüz tutanlarynda hem blogerleri özleri saýlaýarlar. Olaryň käbiri degişmäni halaýan bolsa, käbirleri agraslygy halaýar. Käbirleri bolsa ýönekeý, arassa mahabaty isleýär.

PR agentligini açan mahalyňyzda nähili kynçylyklara sezewar bolupdyňyz?

Ilkinji bolmak hemişe kyn. Biz hem Türkmenistanda ilkinji PR agentlik bolanymyzdan soň hemme bize birhili seredýärdi. Käbirleri nätanyş görýärdi, käbirleri işimize düşünmeýärdi. Indi açylanymyza 3 ýyl bolansoň adamlar bize, PR sözüne has giň düşünip başladylar. Bizden soň ençeme PR agentlikler açyldy.

Ozallar mahabat näme üçin gerek diýýärdiler. Indi beýle diýýänleriň sany azaldy. Hemme telekeçilerimiz diýen ýaly işlerini görkezmek üçin mahabatyň möhümligine göz ýetirdiler.

Agentligi açanyňyzda kärhanalar bilen işleşmekden puşman bolan wagtyňyz boldumy?

Hawa, käwagt boldy. Käwagt işleşenime puşman edenlerim bolupdy. Telekeçileriňem dürli-dürlüsi bar. Käbir telekeçiler kiçijik zat berip uly zat isleýär. Emma bu beýle däl. PR agentliginiň işi haryt barada maglumat ýaýratmak, ony satmak däl. Onuň üçin marketologyňyz, ýörite oňa jogap berýän adamyňyz bolmaly.

Islemän mahabatlandyran zadyňyz boldumy?

Hawa. Men mahabat hukukly. “Akenmar” maňa bir zat mahabat etmeli diýse, men oňa ýok diýip bilemok. Sebäbi meniň “Akenmar” bilen şertnamam bar. Şonuň üçinem islemeýän zatlarymy mahabatlandyrmaly wagtlarym bolýar.

Mahabat edýän zadyňyzy özüňiz barlaýarsyňyzmy?

Hawa. Bu ugurda biziň ýörite kömekçilerimiz bar. Biz gören zadymyzy mahabatlandyrmaýarys. Ilki hökman barlagdan geçirýäris. Ondan soň mahabat edýäris.

Maşgala durmuşyňyz hakda hem durup geçäýseňiz…

Men 2008-nji ýylda durmuşa çykdym. Häzir 3 çagam bar. Olar 13, 12 we 7 ýaşlarynda. Özüm 36 ýaşymda. Ýoldaşym, çagalarym barada surat paýlaşmagy halamok. Ýöne käwagt olaryň suratlaryny goýýan. Munuň sebäbem men işimem we maşgalamam utgaşdyryp alyp gidip bilýändigimi görkezip, beýleki zenanlary höweslendiresim gelýär.

Nähili gyzyklanmalaryňyz bar?

Gyzyklanmalarym gaty köp. Kitap okamakdan lezzet alýaryn. Käwagt okasym gelmedik kitaplarymyň hem daşky görnüşini, ysyny halanlarymy alýaryn. Häzirki wagtda babamdan, atamdan miras galan kitaplarym bar. Häzir öýde olar üçin ýörite kitaphana gurduryp otyryn. Mundan başga-da el işlerini hem halaýaryn. Örgi örmegi gowy görýärin. Emma esasy hobbim kubigiň rubigi. Boş wagtlarym şony düzmegi halaýaryn. Atda gezmek hem meniň hobbilerimiň biri.

Sizi näme begendirýär?

Meniň eden işlerime dogry baha berseler halaýaryn. Sebäbi men iş etsem iň gowy derejede etmäge synanyşýan.

Durmuşda yrymlara ynanýarsyňyzmy?

Hawa. Numerologiýa, täleýnamalara ynanýaryn. Sebäbi olardaky köp zatlar durmuşda gabat gelýär. Adam bir zada ynanyp ýaşamaly diýilýär. Bular maňa energiýa, güýç berýär. Meniň ýyldyzym akrap. Akrabyň ähli häsiýetnamasy meňki bilen gabat gelýär.

Häzirki wagtda PR agentlikleriniň sany hem artdy diýdiňiz. Ýöne ýene şunuň ýaly agentlikleri açmagyň niýetinde bolup ýörenlere nähili maslahatlaryňyz bar?

– PR agentlik açjak bolsaň ilki tejribe toplamaly ýa-da ýanyňyza bir tejribeli adam alyň. Eger mahabatdan başyňyz çykmasa kösenersiňiz. Bizde şeýle bolupdy. Eger gaty açasyňyz gelýän bolsa, ýene bir gezek gaýtalap aýdýan, mahabatdan başy çykýan adamy öz ýanyňyza alyň.

Maral, gyzykly gürrüňleriňiz üçin örän minnetdar. Biz Size işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Köp sag boluň!

Söhbetdeş bolan Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda