Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mähirli dogan» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan üzärlikli sabyn önümçiligi ýola goýuldy.
«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, 90 hem-de 100 gram möçberinde öndürilýän bu sabynlar, esasan, saglyk maksatlary üçin peýdalanylmaga niýetlenendir. Çünki bu sabynyň düzüminde adam bedenini tämizleýji we ony mikroblardyr bakteriýalardan goraýjy himiki elementleriň birnäçesi bar. Bu elementler adam bedeninde örgünleriň döremeginiň öňüni almak bilen, tämizligiň kadaly saklanmagyna hem ýardam edýär.
Sabyny taýýarlamak üçin onuň düzüminde üzärligiň gaýnadylyp alnan suwy, guradylyp owradylan ýapragy hem-de palma agajynyň ýagy ulanylýar. Üzärlik ilki ýörite gazanda gaýnadylyp, onuň suwy süzgüçden geçirilýär. Soňra guran üzärligiň ýapraklary owradylyp, olar hem elekden geçirilip, arassalanýar. Dermanlyk ösümligiň taýýar bolan suwy bilen ýapragy palma agajynyň ýagy bilen birlikde ýörite garyjy enjama guýýulýar. Taýýar bolan garyndy birnäçe wagtyň dowamynda tehnikanyň kömegi bilen önümçilige geçirilýär.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda ýerleşýän, 2017-nji ýylda döredilen kärhanada mundan daşary her sagatda 2 tonna şampun öndürilýär. Jumamuhammet Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky bu kärhanada önümçilik Germaniýadan hem-de Hytaýdan getirilen tehnologik enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde şampunlar 750 gram hem-de 5 litrlik möçberdäki gaplara gaplanyp, halka hödürlenýär. Ýörite niýetlenen 2,5 hem-de 10 kilogramlyk gaplara gaplanylan ýuwujy serişdeler hem öz müşderilerini begendirýär. Kärhanada sabynlaryň sekiz görnüşi, şol sanda «Hoşboý», «Deňiz ysly», «Aloýe», «Gözellik» sabynlary bilen birlikde, ýörite körpeler üçin hem sabynlar öndürilýär. Ýokary tehnologiýanyň kömegi bilen sabynlaryň sagatda üç tonnasy ýörite gaplara gaplanyp, taýýar edilýär.