SIZDEN GELENLER

Magtymgulynyň döredijiliginde ýaşlara mahsus bolmaly ahlak medeniýeti

Islendik ýurtda, islendik döwürde ýaşlar döwleti dolandyrmakda, jemgy-ýetçilik öşiniň ähli ulgamlaryny kämilleşdirmekde uly güýç bolup çykyş edipdirler. Her döwrüň öz ösüş ýörelgelerine laýyklykda durmuş filosofiýasy bolýar. Biziň günlerimizde hem türkmen döwletiniň kuwwaty hasaplanylýan ýaşlarymyzy Berkarar Türkmenistanyň täze döwrüne kybap gelýän täze neslini kemala getirmek, terbiýelemek babatynda täze durmuş filosofiýasy döredilýär. Onuň özenini, bir tarapdan, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleri, durmuşynyň türkmençilik kadalaryny gyşarnyksyz berjaý eden halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, beýleki tarapdan, umumadamzat ahlak medeniýeti bilen sazlaşykly utgaşýan adamkärçilik kadalarynyň toplumy düzýär.

Ata-babalarymyzyň ruhy süňňünden süzülip çykan türkmençilik ýörelgele-rinden kemala gelen sagdyn milli ideýalary adamlaryň, hususan-da ýaşlaryň,  şahsy pikirine, olaryň ynanjyna öwürmek, olary bu ruhda terbiýelemek, ýaş nesillerde päk ahlak medeniýetni kemala getirmek – olaryň döredijilik işlerin-de, häzirki zaman türkmen jemgyýetini täze ösüşlere ýetirmekde egsilmejek güýç-kuwwatdyr. Ýaş nesliň  aňynda göbek gany daman ene  topraga -Watana, Garagum ýaly yssy mährini siňdirýän ata Ýurduna bolan mizemez söýgüni döretmek diňe bir jemgyýete dahyllylyk duýgusyny däl, eýsem öz dogduk Diýaryna janyny bermäge taýýar ýaşlary terbiýelemekdir.   Şol bir wagtda-da, şeýle duýgy ýaşlarda ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşleri üçin özleriniň uly jogapkärçiligini duýmakdyr.

Berkarar döwletiň täze Galkynyşy döwründe ýaş nesliň aňynda täze durmuş filosofiýasyny kemala getirmek – bu ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, onuň döredijilik ukybyny we pikirlenmek başarnyklaryny jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem‑de döwletimiziň täze sepgitlere ýetme-gine gönükdirmek häzirki zaman terbiýeçilik işiniň özenidir.   Elbetde, jemgyýe-ti özertmekde örän uly ähmiýete eýe bolýan bu mesele örän düýplidir, giňdir, şeýle-de Şol bir wagtda-da, adamlaryň aňyny özgertmek örän çylşyrymly we uzak möhletli işdir.

Dury, paýhasly ahlak medeniýeti jemgyýetde özüňi diňe bir edep-ekramly alyp barmagyň endiklerini we şeýle häsiýetleri özüňde terbiýelemekden däl-de, eýsem häzirki döwürde ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan alnyp barylýan işlere, Ata Watana jany-teni bilen berlen ýaşlary kemala getirmekligi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kämilleşdirilmegine işjeň gatnaşyjy ýaş nesil edip ýetişdirmegi Türkmenistanyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunynyň  esasy wezipeleri edilip kesgitlenilýär.   

Mekdep ýyllarynyň ilkinji günlerinden başlap ýaş nesillerimizde türkmen halkynyň gadymdan gelýän, umumadamzat ähmiýetli  ruhy-ahlak gym-matlyklaryna we däplerine eýerip, jemgyýetde özüni alyp barmagyň ähli kadalaryny dürs berjaý edilmegini terbiýelemek berkarar döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň esasy maksadydyr.

Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmegiň esasyny olarda watansöýüjilik duýgusyny döretmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap diýarymyza bolan buýsanjyny artdyrmak, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde ýaş nesilleriň goşýan goşantlaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle derwaýys wezipeleriň çözgüdi türkmen jemgyýetinde ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlara, düzgünlere we türkmençilik kadalaryna esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “ýurdu-myzyň ösüş ýoluny, şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşü-nip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr”.  Ýaş nesliň ahlak medeniýeti Hormatly Preziden-timiziň  “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen milli ideýasyny hut ýaşlaryň öz pähim-paýhaslary we gujurly gollary bilen täze Galkynyşy döwrüni täze sepgitlere ýetirmekde goşýan goşandyňa buýsanmagy, ondan ruhy lezzet almagy  aňladýar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmekde milli ruhy mirasymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmeniň döwletlilik ýol-ýörelgesi, ahlak kadalary bugki ýaşlarymyz üçin durmuş mekdebidir. Häzirki zaman milli ahlak medeniýetiniň örüsi giňäp, halkara derejesine ýetdi. Öňler bu ahlak kadalary diňe bir türkmen halkyna degişli bolan bolsa, häzirki wagtda olar bütindünýä ösüşiniň ruhy-medeni gazananlaryna öwrüldi. Many-mazmuny boýunça milli, ähmiýeti boýunça umumadamzat  ahlak gymmatlyklary dünýä halkaryň ählisine deň hyzmat edýär. Jemşidiň jamy ýaly şeýle egsilmez ahlak gymmatlyklaryny Magtymguly Pyragynyň döredijilik ylhamynyň mirasynda görmek bolýar.

Geljek, 2024-nji – ýylda bütindünýä jemgyýetçiligi hikmet eýesi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejesinde bellemäge giňden taýýarlyk görýär. Ynsan kalbynyň öçmejek nury bolan akyldar Magtymgulynyň  dünýäniň şygyrýet ägirtleriniň ýanynda özniň mynasyp ornuny eýelemegi, XXI asyrda türkmen halkynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde akyldaryň bitiren işleriniň bimöçberliginiň özüne ýetik esasy bar.

Dünýä siwilizasiýasynanyň ösüşini her bir halkyň milli paýhasyndan altyn damjasy ýaly syzylyp çykan, asyrlaryň dowamynda sünnälenen ruhy medeniýeti kesgitleýär. Şeýle ruhy medeniýet adamlaryň dury paýhas eleginden diňe bir asyrlardan asyrlara geçip gelmän, eýsem bütindünýä ösüşiniň medeni gazananlaryna öwrülýär. Gündogaryň, Orta Aziýanyň, şol sanda türkmen halkynyň aň-paýhasy bolan filosoflar adamzat jemgyýetine, onuň ösüşine, geljegine, döwlet bilen jemgyýetiň, onuň raýatlarynyň arasyndaky sazlaşykly ösüşi kemala getirmegiň, adamlaryň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagynyň iň ygtybarly şertlerini döretmegiň ýollaryny gözlemekde we saýlamakda uly işleri amala aşyrypdyrlar.

Paýhas göwheriniň eýesi, Hakdan içen Magtymgulynyň   türkmenleriň öz-başdak berkarar döwletini gurmak, halkyň asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşap, öz ýurdynyň güllemeginiň, özgermeginiň hatyrasyna parahat önjeýli zäh-met çekmek, ilatyň ylymly-bilimli bolmagyny  üpjün etmek baradaky ideýalary  häzirki zamanda hem derwaýyslygyny saklaýar. Hut şunuň üçin hem ýaşlaryň ahlak medeniýetini kemala getirmekde onuň uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr.

Gara gözüniň görejine deňeýän  türkmen halkynyň mydama erkin, “polat-dan berk” bolan Watanda bir başa uýup, agzybir  döwletde ine-gana ýaşasa, Hakyň sylap, ony penasynda saklajakdygyna Magtymguly berk ynanypdyr. Akyldar özbaşdak, berkarar döwletiň gurulmagy ýurduň ähli ösüşleriniň binýadygyny aýratyn nygtapdyr:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

 Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Ýaşlary Pyragynyň türkmen halkynyň milli, şol bir wagtda-da,  umum-adamzat ruhuna mahsus bolan parahatsöýüjilik, dostluk-doganlyk, goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly gatnaşyklarda bolmak, birek-biregiň däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ynsanperwer ideýalarynda terbiýelemek  hem olaryň arasynda ahlak medeniýetini kämilleşdirmekde, bütin dünýäde asudalygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde uly goşantdyr.

Magtymgulynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen hakynyň milli naýbaşy ahlak ýörelgeleriniň biri hem watansöýüjilik ruhudyr. Watançylyk ahlagy, mälim bolşy ýaly, iň bir mukaddes duýgylaryň biridir.Watançylyk diýmek her bir adamyň öz watanyna we halkyna wepaly bolmak,  oňa ak ýürek bilen hyzmat etmeklige, zerur bolan halatynda hatda öz  janyny hem gurban etmäge taýýar bolmaklygydyr.

Öz Diýaryňy eý görmek, il-halkyň bähbidini şahsy bähbitlerden ileri tutmak, halkyňa gulluk etmek baradaky pikirler Magtymgulynyň döredijiliginde uly orun eýeleýär. Muňa şahyryň: onuň aşakdaky.

 Magtymguly, bu Watany hiç terk kylyp ýörmegil

 Ýigit öler ýurt üstünde.

   Il üstünde namysa bilen baş döker,   

diýen ganatly sözleri şaýatlyk edýär.                          

Ata-babalarymyzyň “Watana wepalylyk – ahlak päkligiň nusgasydyr” diýen pähimini,  “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini ýaşlara düşündir-mek, gözel Diýarymyzy gözümiziň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýme-gi terbiýelemek şu günüň derwaýys wezipeleriniň biridir.

Akyldar şahyr adam sarpasyna uly ähmiýet berip, birek-biregi sylamagy, hormatlamagy, adam bolup adam gadyryny bilmekligi, adam mertebesini sak-lamagy irmän-arman ündew edipdir. Adamyň jemgyýetdäki ornuny Watana, göbek ganyň daman ene topraga  janyň-teniň bilen berilmekde,  il-halkyň bähbi-di ileri tutulyp, halkyňa ak ýürekden gulluk edip, öz ýurduna, halkyna peýda getirmelidir,  halal zähmeti söýmelidir, diýen pikirden ugur alypdyr.

      Ýagşylykda ile özün tanadan                    

      Alkyş alyp, derejesi zor bolar.

      Halala hasap bar, harama azap

     Şeki ýokdur, ýada salgyl bu işi.

Şahyryň şu pent-ündewlerini ýaşlarymyzda terbiýelense, jemgyýetde agzybirligi saklamaga, berkarar döwletiň jebisligini berkitmäge ýardam berjekdigi ikuçsyzdyr. Sebäbi Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýyşy ýaly, “Döwleti döwlet, ili il edýän hem adamlardyr”.

Ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki ýaşulularymyzyň baý durmuş tejribeleri, ýaşlary terbiýelemekdäki hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, ýaşlary milli ahlak ugrunda terbiýelemegiň täze durmuş filosofiýasy döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmäge, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş (sosial) ýagdaýlaryny mundan beýläkde ýokarlandyrmaga gönükdirilenýändigini bellemelidiris. Has takygy,

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli berjaý etmekde ýaşlarymyz diňe bir ýerine ýetiriji bolman, eýsem oňa döredijilikli çemeleşip, jemgyýetimiziň ähli ugurlarynyň geljekki ösüşlerini gazanmagy üpjün edýän wezipeleri çözmeklige gönükdirilmesidir. Arkadagly Serdarymyzyň daşynda berk jebisleşen ýaşlaryň  eýle il bähbitli işleriň üstünlikli amal etjekdiklerine berk ynanýarys.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň  türkmeniň milli ruhundan  sünnälenip, onuň akyl-paýhasyndan altyn damjasy deý süzülip geçiren ideýalary barada aýylanda bolsa, olar bu gün umumadamzat siwilizasiýasynyň  ynsanperwerlik ideallalary bilen doly sazlaşyp, onuň medeni-ruhy genji-hazy-nasynyň  aýrylmaz bölegine ymykly öwrüldi. Başgaça aýdylanda, şahyryň arzuwlan “ajap eýýamy”  halkymyzyň durmuş hakykatyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň konstitusion binýadyny, türkmenleriň milli durmuş ýörelgesiniň, halkyň medeni-ruhy mirasynyň ynsanperwerlik filosofiýasynyň çuň manyly toplumyny özünde jemleýändigini bellemek diýseň buýsançlydyr.

Türkmen döwletiniň Arkadagly Serdarynyň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň geljekki onlarça ýyllaryň dowamynda ýokary depginlerde saklanmagy diňe bir durnukly ösüşimiziň subutnamasy bolman, eýsem ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň hem dabaralanmasydyr. Bu gün türkmen ýaşlary bagtyýar durmuşyna  buýsanyp, öz ykbalynda  ertirki gününiň täsirini duýup, öňe ynamly we okgunly hereket edýär.

 

Amangeldi Baýgeldiýew,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy,

filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri